Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeýde saklanylýan milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda dürli döwürlerde hut Amul galasyndan ýüze çykarylan tapyndylaryň hem 200-e golaýy bar. Halkymyzyň şöhratly taryhyna şaýat bolan tapyndylar ylmy ähmiýete eýedir. Hususan-da, galadan tapylan kümüş we mis teňňeler, terrakotalar, keramiki we toýundan ýasalan gap-gaçlary, olary bişirmek üçin niýetlenilen üç aýakly enjam mirasgärlerde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döretdi.