Ýaş nesil alada bilen gurşalýar

1 Maý 2024
887

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Eziz Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar ýaş nesli bagtyýarlygyň gujagyna doldurýar. Güneşli Watanymyzyň çar künjünde hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelýän, döwrebap tehnologiýalar, multimediýa, interaktiw ulgamlar, häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklary, sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri bagtyýar nesilleriň hyzmatynda. Çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleri ýaş nesilleriň tebigy zehinlerini ösdürmäge, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Sungata höwesli çagalar ýerine ýetirýän işlerinde mähriban Watanymyza, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesliň bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, çagalaryň bagtyýarlygy hakyndaky aladany jemgyýetiň abadançylygynyň mizemez binýadyna öwren Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşly sözler dillerimiziň senasydyr.   

Täzegül Meläýewa,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.