Milli gymmatlyklara sarpa

29 Aprel 2024
571

Beýik tutumlar, şanly wakalar, şöhratly menziller milletiň buýsançly taryhyny kemala getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň täze altyn sahypalarynyň ýazylýan eýýamydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen hem-de agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň taryhy pursatlary muny jümle-jahana ýaýýar. Merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýan şeýle şanly wakalaryň mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu kitaby ýazmak bilen, öňde goýýan baş maksadynyň türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şunuň ýaly asylly hem-de beýik maksat bilen ýazylan bu eser ýene-de bir buýsançly hakykaty, ýagny peder ýoluny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň beýik taryhyna, ýeten belent derejelerine, umumadamzat ösüşiniň bölünmez synasy bolup durýan ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklaryna bolan nusgalyk söýgi-sarpasyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol bir wagtda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, ýaş nesilleriň ruhy hem-de ahlak taýdan kämilligini gazanmakda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde taryhy-medeni mirasymyzy mizemez binýada öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny has-da berkidip, mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrýandygyny hem doly tassyklaýar. Şunlukda, şöhratly geçmişimiziň gymmatly mirasyny öz gymmaty bilen geljege ýetirmekde we jahana ýaýmakda paýhasly döwlet syýasatymyz täze belentliklere göterilýär. Sebäbi bu gymmatly miras irki adamzat medeniýetiniň esaslandyrylmagyna ummasyz goşant goşan halkymyzyň synmaz erkiniň, agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, ýaşaýşa bolan nusgalyk söýgüsiniň misilsiz güwäsidir. Şeýle beýik hakykaty özünde jemleýän Änew topragynyň her daban ýeri adamzat ösüşiniň gadymy subutnamalaryny özünde jemleýär.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.