«Türkmen binasy» konserti

25 Aprel 2024
741

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen «Türkmen binasy» atly konsert geçirildi. Dabarada Suhan Tüýliýewiň gargy tüýdük we kirişli saz gurallary orkestri üçin ýazan «Pendi nagmalary» atly eseri, «Uzuklar» atly sazly rowaýatyndan «Näzigiň lälesi» bölümi ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Dünýä, heý» atly wokal toplumyndan Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Ili gözlär», «Pukaraýam», «Ýeldim tut» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda S.Tüýliýewiň wiolonçel we orkestr üçin döreden eseriniň 1-2-nji bölümi, gargy tüýdük we orkestr üçin döreden eseri ýerine ýetirilende, Magtymguly Pyragynyň «Gözelim», «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Begler» atly goşgulary okaldy.

Oraztäç AMANMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.