Mekdebi tamamlan döwürlerim ýokary okuw jaýyna girmek üçin synaglara taýýarlyk görüp, kitap baryny okardym. Wagtymyň köp bölegi kitaphanada geçerdi. Şol döwürler ejem maňa: «Berekella gyzym, seniň kitaplar bilen dostlaşýanyňa, aňyňy ösdürýäniňe, esasan hem kitaplara barha ysnyşýanyňa diýseň begenýärin. Hemişe kitaplara ýakyn bol gyzym, çünki gülüň golaýynda dursaň gül ysyny alýansyň, kitap bolsa aňda açylýan güldür. Onuň müşk ysy sözläňde sözüň arkaly daş-töweregiňe ýaýrar durar» diýipdi.
Uly adamlaryň aýdýan sözlerini hemişe üns bilen diňlemegim, olary ýadymda saklamagym maňa durmuşda köp peýda getirýär. Hakykatdan hem, adam gowy zady ömrüne hemra edinse gowy durmuşda ýaşaýar. Kitap — ylym, ylym bolsa ýaşaýşyň açary. Kitaplaryň gatlarynda ylym hem, adamlaryň ykbaly hem ýüzüniň perdesini açýar. Kitap her bir okyja oýlanyp sözlemegi, söz manysyna düşünmegi, sözüň gadyryny bilmegi, akyla eýermegi öwredýär. Halkymyzyň hakydasyna siňip galan ajaýyp kinofilmler, spektakllar, gülküli sahnalardyr başga-da ýüzlerçe sungat eserleri hem hut kitaplaryň edebi esasy boýunça sahnalaşdyrylyp, surata düşürilýär. Şeýle bolansoň, kitaby okap başlan badyňa ondaky wakalar edil kinofilm ýaly gözleriň öňünde janlanyp ugraýar.