Milli gymmatlygymyz — mertebämiz

27 Aprel 2024
974

Türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Asyrlaryň dowamynda bedew halkymyzyň aňynda hasyl bolan arzuwyň, maksada okgunlylygyň, ýeňiş gazanmaga erk-islegiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedewleriň ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň kuwwatyny we ägirt uly üstünliklerini özünde jemleýän özboluşly gymmatlyga öwrülendigini bellemek gerek.

Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli işi arassa ganly behişdi bedewleriň tohumynyň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala gelmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini wagyz etmäge ýardam berdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär hem-de şu mynasybetli türkmen bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Pudagyň zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.