Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzda bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat kitaphana işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilim edaralarynyň we pedagogika işgärleriniň arasynda yglan eden «Iň gowy mekdep kitaphanasy» atly bäsleşiginiň golaýda geçirilen döwlet tapgyry-da bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.