Teatr sungatynyň sütüni
Türkmen teatr sungaty agzalanda, ilki bilen, göz öňünde ýurdumyzyň teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg Aman Gulmämmedow janlanýar. Teatr sahnasynda 250-den gowrak keşbi döreden halypa artistiň döredijilik ýoly bu gün nusgalykdyr. Onuň döredijilik örüsi çaksyz giňdir. Ol sahnada gussaly, gülküli, gahrymançylykly hem-de durmuşy keşpleri döredende-de, gahrymanlarynyň häsiýetlerini bütin aýdyňlygy bilen açypdyr. Onuň döredijiligi dünýäniň nusgawy eserleri, şol sanda rus, özbek, belarus, azerbaýjan, gruzin... halklarynyň pýesalaryndaky keşpler arkaly baýlaşýar. Aman Gulmämmedow 1908-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynkäriz obasynda dünýä inýär. 1920-nji ýylda Gökdepede açylan mekdep-internatda okaýar. Bu ýerde orta bilim alandan soň, Aşgabatdaky Gündogar sungaty mekdebine nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwa girýär. Ondan soňra bolsa, 1924-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Mehanizasiýa tehnikumynda okuwyny dowam etdirýär. Şol wagtlardan başlap, okuw mekdeplerinde drama gurnaklary giň gerim alyp ugraýar. 1926-njy ýylda Türkmenistan Magaryf halk komissarlygy ilkinji milli studiýanyň açylýandygyny yglan edýär. Ähli okuw mekdeplerinden zehinli oglan-gyzlary saýlap, şol studiýa okuwa kabul edýärler. Aman Gulmämmedow hem şol saýlanan talyplaryň ilkinjileriniň biri bolýar.