Medeniýet halkyň kalbydyr

16 Oktýabr 2024
361

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň giň gerimli ösüşleri milli medeniýetimiz we sungatymyz arkaly giňden şöhlelendirilýär. Ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşleri, düýpli özgertmeleri döredijilik adamlarynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp eserleriniň çuňňur mazmunynda şeýle buýsançly hakykatlar täsirli beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri adamlara akyl-paýhas paýlaýan, ruhubelentligi, halallygy, ynsanperwerligi ündeýän bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr.

Agzybir halkymyzyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watana, halal zähmete, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmakda medeniýet ulgamynyň işgärleri uly işleri durmuşa geçirip, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda yhlasly zähmet çekýärler.

Annasoltan BABAÝEWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.