Medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasaty hyzmatdaş döwletlere ýurdumyzda öz milli medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu jähetden, 12-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti möhüm ähmiýete eýedir.
Ilkinji nobatda, türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolan bu döredijilik çäresine dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýetiň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şeýle-de çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.