Teatr sungatynyň sütüni

16 Oktýabr 2024
348

Türkmen teatr sungaty agzalanda, ilki bilen, göz öňünde ýurdumyzyň teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg Aman Gulmämmedow janlanýar. Teatr sahnasynda 250-den gowrak keşbi döreden halypa artistiň döredijilik ýoly bu gün nusgalykdyr. Onuň döredijilik örüsi çaksyz giňdir. Ol sahnada gussaly, gülküli, gahrymançylykly hem-de durmuşy keşpleri döredende-de, gahrymanlarynyň häsiýetlerini bütin aýdyňlygy bilen açypdyr. Onuň döredijiligi dünýäniň nusgawy eserleri, şol sanda rus, özbek, belarus, azerbaýjan, gruzin... halklarynyň pýesalaryndaky keşpler arkaly baýlaşýar.

Aman Gulmämmedow 1908-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynkäriz obasynda dünýä inýär. 1920-nji ýylda Gökdepede açylan mekdep-internatda okaýar. Bu ýerde orta bilim alandan soň, Aşgabatdaky Gündogar sungaty mekdebine nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwa girýär. Ondan soňra bolsa, 1924-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Mehanizasiýa tehnikumynda okuwyny dowam etdirýär. Şol wagtlardan başlap, okuw mekdeplerinde drama gurnaklary giň gerim alyp ugraýar. 1926-njy ýylda Türkmenistan Magaryf halk komissarlygy ilkinji milli studiýanyň açylýandygyny yglan edýär. Ähli okuw mekdeplerinden zehinli oglan-gyzlary saýlap, şol studiýa okuwa kabul edýärler. Aman Gulmämmedow hem şol saýlanan talyplaryň ilkinjileriniň biri bolýar.

Serdar ATAÝEW,
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy.