Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy

16 Oktýabr 2024
417

Halkymyz özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala terbiýesine uly sarpa goýup gelipdir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin türkmen halky maşgalany ojak, saçak ýaly mukaddesliklere deňeýär. Türkmen maşgalasynyň terbiýesi Nuh pygamberden, Oguz hanyň ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar.

Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy barada mesele gozgalanda, öňi bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göteren halkdyrys!» diýen sözleri seriňe gelýär.

Madina PARDAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.