10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk beýan edildi hem-de oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň bu halkara çäräniň ähmiýetini artdyrýandygy nygtaldy.