Merdana serhetçileriň nusgalyk göreldesi
Ynha, ene topragyny başynyň täjine deňeýän ýigitlerimiz dost-doganlyk serhetlerimiziň asudalygyny, parahatlygyny gorap, ata Watanymyzyň, halkymyzyň öňünde ýerine ýetiren harby kasamyna ygrarly bolup, ak ýürekden harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýarlar. Dostlugyň, parahatlygyň, agzybirligiň, jebisligiň başlanýan ýeri bolan mukaddes serhetlerimizde gulluk edýän serhetçilerimize döwrebap serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, şeýle-de ilatly nokatlardan uzakda ýerleşýän serhet galalarynda ähli şertler döredilen. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi harby gullukçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, gullugymyz tarapyndan Hormat hatlaryna, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli goraglylygy mizemez araçäklerimizde ak ýürekden gulluk edýän şeýle ýigitlerimiziň ençemesine, has takygy, polkownik Atajan Orunowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň harby gullukçylary — uly leýtenant Allaberdi Pollyýew, kiçi seržant Daýanç Orazgulyýew, esgerler Atahan Emedow, Atajan Çaryýew daga Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mukaddes serhetlerimiziň asudalygyny gözüniň göreji ýaly goraýan serhetçi ýigitlerimiziň üstünlikleri hakynda söz açylanda, podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň şahsy düzüminiň üstünlikleri hem ýatlanmaga mynasyp. Ka