Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

2 Oktýabr 2024
378

Göwnümi galkyndyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda dowam edýän özgertmeler ata Watanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, bolup geçýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak ruhuňy belende göterýär, guwanjyňy artdyrýar.