Seýrek tebigy halat
ABŞ-nyň NASA älem agentligine degişli bolan «Landsat 8» emeli hemrasy Täze Zelandiýanyň sebitlerinde seýrek ýüze çykýan tebigy halaty — täsin güberçek şekilli buludy surata düşürdi. Ýeliň dag gerişleriniň üsti bilen ýokary göterilmesi atmosferada tolkun döredýär. Bu seýrek tebigy halat göterilen ýeliň sowuk howa akymyna aralaşmagy sebäpli, onuň düzümindäki suw buglarynyň buluda öwrülmegi bilen düşündirilýär.