Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar
Watanymyzyň asudalygy ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň hem-de 1948-nji ýylyň heläkçiligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar ýatlanylyp, welaýatymyzda hem Hatyra güni bellenilýär. Asyrlar, ýyllar geçse-de, ýowuz jeňlerde edermenlik görkezen türkmen gerçekleriniň, gahrymanlarynyň ady halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ýurdumyzda öten-geçenlerimizi hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Asylly däbine eýerýän halkymyz Hatyra güni merhumlaryny hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar.