Bilelikdäki emläge eýelik etmek
Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläge eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we erk etmegiň kadalary düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň 52-nji maddasynyň 1-nji bölüminde kesgitlenilişi ýaly, är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsyna harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.