«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky bir başa jem bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlady. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem bu mukaddes baýramçylyk mynasybetli maslahatlar, medeni çäreler, kitaphanalara we muzeýlere gezelençler guraldy. Dabaraly maslahatlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, gullugymyzyň düzüminde durmuşa geçirilen taryhy işler, merdana serhetçilerimiziň gazanýan üstünlikleri barada bellenildi.
Ýolaman TOMANOW,
maýor.