Ýurdumyzyň ýollarynda awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artmagy bilen, bu ugurda edilýän aladalaryň gerimi has-da giňeldilýär. Şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy size ýol çyzgytlarynyň talaplaryny olaryň niýetlenişine görä berjaý etmelidigini, ulagy dolandyranyňyzda olaryň üstünden basmagyň gadagandygyny ýatladýar!
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýol belgileriniň düzgünleri bilen bilelikde, ýol çyzgytlarynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň hem ähmiýeti örän uludyr. Kähalatlarda sürüjileriň käbiriniň ýol çyzgytlarynyň ýol hereketiniň kadalarynda bellenen talaplaryny berjaý etmäge biparhlyk edýändiklerine gabat gelmek bolýar. Galyberse-de, ulag dolandyrylanda 1.1 garşy ugurly ulag akymlarynyň arasyny bölýän goşa çyzgytlaryň, 1.15 iki ýa-da üç zolakly ýollarda garşy ugurdaky ulag akymlarynyň arasyny bölýän ýa-da bir ugra hereket etmek üçin niýetlenen iki we has köp zolak bolanda hereket zolaklarynyň çäklerini aňladýan çyzgytlarynyň, basmak ýa-da ýolyşygynyň rugsat beriji duýdurmasyna garaşyp duranlarynda 1.12 stop çyzygynyň üstüni basmak, ýa bolmasa 1.14.1 pyýadalar üçin niýetlenen geçelgäniň üstünde durmak ýaly düzgün bozulmalara ýol berýärler. Bu bolsa, ilki bilen, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagyna, ýol çyzgytlarynyň möhletinden öň reňkiniň solmagyna getirip, herekete gatnaşyjylar üçin ulaglaryň zolaklar boýunça hereket etmeklerine, şeýle hem pyýadalaryň degişli ýerlerden geçmeklerine päsgelçilik döredýär.