Baýramçylyk dabarasy

2 Oktýabr 2024
336

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň şu okuw jaýy bilen bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Oňa  il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Nurjemal Jumageldiýewa, institutyň uly mugallymy Abdulla Rahmanow,  ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Ýazguly Ataýew, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş etdiler.

Çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanýandygy dogrusynda belläp geçdiler.