"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gün be­ket­le­ri­niň sa­ny art­ýar

Ang­li­ýa­nyň «Em­ber» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan tä­ze mag­lu­mat­na­ma­syn­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rul­jak tä­ze Gün be­ket­le­ri­niň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 593 GW bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 29 gö­te­rim köp diý­me­gi aň­lad­ýar. Mag­lu­mat­da, Gün be­ket­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ýan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň hem dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Hy­taý, ABŞ, Hin­dis­tan, Ger­ma­ni­ýa we Bra­zi­li­ýa Gün ener­gi­ýa­sy pu­da­gy­na has köp ma­ýa gö­nük­dir­ýär. Tä­ze gu­rul­jak Gün be­ket­le­ri­niň 75 gö­te­ri­mi bu bäş ýur­da de­giş­li bo­lar. Hy­ta­ýyň şu ýy­lyň do­wa­myn­da işe gi­riz­jek Gün pa­nel­le­ri ener­gi­ýa­nyň bu aras­sa çeş­me­si­niň önüm­çi­li­gi­ni 28 gö­te­rim art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dün­ýä­de tä­ze önüm­çi­li­ge goý­be­ril­jek Gün be­ket­le­ri­niň 56 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lar. Bu bol­sa, ýur­duň Gün be­ket­le­rin­den al­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 334 GW art­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Gün pa­nel­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy hem art­ýar. Pa­kis­tan we Sa­ud Ara­bys­ta­ny ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri her aý­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 1 GW-dan köp bo­lan pa­nel­le­ri im­port et­di. Ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­da Pa­kis­tan 12,5 GW Gün pa­nel­le­ri­ni sa­tyn al­dy. Bu gör­ke­zi­ji Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 9,7 GW bol­dy. Pa­n

Türkmen taryhynyň giňden wagyz edilmeginde muzeýleriň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak boýunça kabul edilen «Medeniýet hakynda» we «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary uly ähmiýete eýedir. Häzirki däwürde arheologik tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar uly üstünliklere beslenýär. Türk­me­nis­tan­da mu­zeý işi­ni ös­dür­mek we mu­zeý­le­riň hal­ky­my­zyň me­de­ni dur­mu­şyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýur­du­myz­da mu­zeý işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň mu­zeý­le­ri­niň ta­ry­hy­ny öw­ren­me­gi we mu­zeý işi­ni kä­mil usul­lar­da gu­ra­ma­gy we­zi­pe edip goý­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2009-njy ýy­lyň 14-nji ma­ýyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li mu­ze­ýi Türk­me­nis­ta­nyň Baş mil­li mu­ze­ýi ady bi­len he­re­ket edip baş­la­ýar.

132 ýyl­dan soň­ra ta­pyl­dy

Ba­lyk­çy­la­ryň to­ru­na içi hat­ly çüý­şä­niň il­ýän ýag­da­ýy di­ňe hy­ýa­ly ki­no­lar­da däl, eý­sem, kä­ha­lat­lar­da ha­ky­ky dur­muş­da hem ga­bat gel­ýär. Adam­lar dür­li dö­wür­ler­de dür­li mak­sat­lar bi­len içi­ne hat sal­nan çüý­şe­le­ri deň­ze taş­lap­dyr­lar. 2018-nji ýyl­da awst­ra­li­ýa­ly Ton­ýa Ill­man de­ňiz ke­na­ryn­da ge­ze­lenç ed­ýän wag­ty bir çüý­şä­ni tap­ýar. Ill­man ony ga­dy­my çüý­şä meň­ze­ýän­di­gi se­bäp­li ki­tap tek­je­sin­de goý­mak üçin alýar. Onuň için­dä­ki gu­my dök­mek üçin açan­la­ryn­da için­den sa­ra­lan ka­gyz bö­le­gi çy­kyp­dyr. Öýü­ne el­tip ka­gy­zy gu­ra­dan­la­ryn­da öçüg­si ne­mes­çe ýaz­gy­nyň bar­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Ill­man ýan­ýol­da­şy bi­len in­ter­net­de göz­leg eden­le­rin­de bu ka­gy­zyň Ne­mes de­ňiz ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­na de­giş­li­di­gi­ni anyk­lap­dyr­lar. Ka­gy­zyň ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­da onuň deň­ze taş­la­nan wag­ty, ýe­ri, gä­mi­niň ady, gid­ýän ug­ry ýa­zy­lyp­dyr. Şeý­le hem çüý­şä­ni ta­pan adam­dan ony Ne­mes de­ňiz ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­na ýa-da Ger­ma­ni­ýa­nyň kon­sul­luk eda­ra­sy­na ug­rat­mak­la­ry ha­ýyş edi­lip­dir. Gün­ba­tar Awst­ra­li­ýa mu­ze­ýi­niň hem-de Ne­mes de­ňiz ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň hä­zir­ki şa­ham­ça­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri çüý­şä­niň 1886-njy ýyl­da Uel­siň Kar­diff şä­he­rin­den In­do­ne­zi­ýa­nyň Ma­kas­sar şä­he­ri­ne bar­ýan gä­mi­den deň­ze taş­la­nan­dy­gy­ny any

Türkmenistan – ata mekan Garaşsyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň ykbalynyň özgermegine eden täsiri uludyr. 1991-nji ýylyň sahawatly güýzünde türkmen halky döwletliligiň, erkinligiň, galkynyşyň aýdyň ýoluna düşüp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletine eýe boldy.

Has köp syýahatçy kabul eder

Hy­taý has köp sy­ýa­hat­çy­ny çek­mek üçin kä­bir ýurt­lar bi­len wi­za­syz sy­ýa­hat düz­gü­ni­ni ýo­la goý­dy. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Nor­we­gi­ýa­nyň ra­ýat­la­ry üçin wi­za­syz düz­gü­ni ýola go­ýan Hy­taý ýe­ne-de 4 ýur­dy ola­ryň ha­ta­ry­na goş­dy. In­di­den beý­läk Kipriň, Da­ni­ýa­nyň, Gre­si­ýa­nyň we Slo­we­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry Hy­ta­ýa wi­za al­maz­dan gi­dip bi­ler­ler. Şeý­le­lik­de, Ýew­ro­pa­dan Hy­ta­ýa wi­za­syz ba­ryp bil­ýän ýurt­la­ryň sa­ny 17-ä ýet­di. Hy­taý şu ýy­lyň iýu­lyn­da Awst­ra­li­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ra­ýat­la­ry­na hem wi­za­syz gel­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik dö­re­dip­di. Ýy­lyň ba­şyn­da bol­sa Ma­laý­zi­ýa­nyň ra­ýat­lary üçin wi­za düz­gü­ni ýa­ty­ry­lyp­dy. Wi­za­syz gi­riş di­ňe ge­ze­lenç mak­sa­dy bi­len bar­ýan­la­ra de­giş­li bo­lup, 15 gün bi­len çäk­len­di­ri­len­dir. Bu düz­gün gel­jek ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam eder. Bu ýe­ňil­li­giň dö­re­dil­me­gi­ Ýew­ro­pa­dan Hy­ta­ýa sy­ýa­hata barýanlaryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ge­ti­rip­dir.

Mermer heýkel gymmat bahadan satyldy

Ýa­pon heý­kel­ta­ra­şy Isa­mu No­gu­çi­niň 1971-nji ýyl­da dö­re­den «Stu­dy for Ener­gy Void» at­ly mer­mer heý­ke­li 4 mil­li­on 650 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. «Sot­he­by’s» auk­si­on öýi «Ab­rams» maş­ga­la kol­lek­si­ýa­sy­na de­giş­li je­mi 27 ese­ri sa­tu­wa çy­kar­dy. Ola­ryň ara­syn­da ýa­pon heý­kel­ta­ra­şynyň ese­ri has gym­mat ba­ha­dan sa­tyl­dy. 3,5 mil­li­on dol­lar­a sa­tu­wa çy­ka­ry­lan heý­keli 4 mil­li­on 650 müň dol­la­ra nä­bel­li adam satyn aldy. Heý­ke­liň öl­çe­gi 116,5x91,4x35,6 san­ti­metr. 1904–1988-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap ge­çen No­gu­çi heý­kel­ta­raş, peý­zaž ar­hi­tek­to­ry hök­mün­de dür­li eser­le­ri dö­ret­di. Ame­ri­ka­da dün­ýä inen No­gu­çi ýa­pon bi­na­gär­li­gi­ni döw­re­bap nus­ga­lar bi­len baý­laş­dyr­dy. Ça­ga­lyk ýyl­la­ry Ýa­po­ni­ýa­da ge­çen sun­gat us­sa­dy bel­li bi­na­gär­le­riň ýa­nyn­da hü­när öw­ren­di.

100 million ulag öndürdi

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 57-nji ýy­lyn­da 100 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny ön­dür­di. Kom­pa­ni­ýa 50 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny 2013-nji ýyl­da ön­dü­rip­di. Bu bol­sa, kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zi­re çen­li ön­dü­ren ulag­la­ry­nyň ýa­ry­sy­ny soň­ky 11 ýyl­da ön­dü­ren­di­gi­ni aň­lad­ýar. 1967-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kom­pa­ni­ýa 1978-nji ýyl­da 5 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny çy­kar­ýar. Bu bol­sa, ko­reý bren­di­niň soň­ky ýyl­lar­da has ýo­ka­ry ösüş ga­za­nan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Ul­san za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len 100 mil­li­on 1-nji ulag «Hy­un­dai Ioniq 5» da­ba­ra­ly ýag­daý­da eýe­si­ne gow­şu­ryl­dy. 1968-nji ýyl­da açy­lan bu önüm­çi­lik des­ga­sy ko­reý aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň dün­ýä inen ýe­ri ha­sap­lan­ýar. 1975-nji ýyl­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge goý­be­ri­len il­kin­ji ko­reý ula­gy bo­lan «Pon­ty» hem bu ýer­de ön­dü­ri­lip­dir. Mäh­ri DUR­DY­ÝE­WA,

Ewe­rest da­gy ös­ýär

Ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň iň be­ýik da­gy bo­lan Ewe­res­tiň her ýyl 2 mil­li­metr ös­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Alym­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, mu­ňa da­gyň tö­we­re­gin­de der­ýa­laryň täsirinden emele gelýän ero­zi­ýa­ se­bäp bol­ýar. Ang­li­ýa­nyň Lon­don kol­le­ji­niň bi­ler­men­le­ri be­ýik­li­gi 8 müň 849 met­re ýet­ýän da­gyň nä­dip uzal­ýan­dy­gy­ny bil­mek üçin bar­lag ge­çir­di­ler. Ne­ti­je­de, mun­dan 89 müň ýyl ozal Ewe­res­tiň go­la­ýyn­da­ky Arun der­ýa­sy­nyň Ko­si der­ýa­sy bi­len bi­rik­me­gi ne­ti­je­sin­de bu se­bit­de ero­zi­ýa ar­typ­dyr. Der­ýa­lar bi­ri­gen­den soň­ra suw köp muk­dar­daky daş we top­rak gat­la­gyny sü­rüp äki­dip­dir. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýe­riň aşa­gyn­dan gel­ýän ba­syş Ewe­res­tiň beý­gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr.

Dünýäniň iň bagtly şäherleri

Her ýyl taý­ýar­lan­ýan «Bagt­ly şä­her­ler in­dek­si­niň» tä­ze sa­na­wy ýaý­ra­dyl­dy. Sa­na­wy Ang­li­ýa­nyň Ýa­şaý­şyň hi­li ins­ti­tu­ty taý­ýar­la­ýar. Bi­ler­men­ler sa­na­wy taý­ýar­lan­la­ryn­da şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň daş­ky gur­şaw, jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy, ýer­li yk­dy­sa­dy­ýet, ýer­li öz-özü­ni do­lan­dy­ryş we ýa­şaý­şyň umu­my hi­li ýa­ly ugur­la­ra ba­ha ber­ýär­ler. Sa­naw ýa­şaý­jy­la­ryň bu ugur­da­ky so­wal­la­ra be­ren jo­gap­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de taý­ýar­la­nyp­dyr. Sanawa je­mi 250 şä­he­r gi­ri­zi­lip, bi­rin­ji or­ny Da­ni­ýa­nyň Aar­hus şä­he­ri eýe­le­di. Sa­na­wyň ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ry­ny De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da­ky şä­her­ler eýe­le­ýär. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Sýu­rih şä­he­ri ikin­ji, Ger­ma­ni­ýa­nyň Ber­lin şä­he­ri üçün­ji bo­lup­dyr. Gýo­te­borg (Şwe­si­ýa), Ams­ter­dam (Ni­der­land­lar), Hel­sin­ki (Finl­ýan­di­ýa), Bris­tol (Ang­li­ýa), Ko­pen­ga­gen (Da­ni­ýa), Že­ne­wa (Şweý­sa­ri­ýa) we Mýun­hen (Ger­ma­ni­ýa) il­kin­ji on­lu­ga gir­di. Mer­jen GUR­BAN­KU­LO­WA,

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ylym-bi­lim-önüm­çi­lik ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň kä­mil usu­ly­ny dö­ret­mek, oba­se­na­gat top­lu­my üçin ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da tej­ri­be alyş­mak öňü­miz­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ýur­du­my­zyň hü­när okuw mek­dep­le­ri­ni hal­ka­ra de­re­jä çy­kar­ma­ga, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Go­laý­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň we­ki­li­ýe­ti ABŞ-da res­mi sa­par­da bol­dy.

Halk Mas­la­ha­ty – halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň yg­ty­bar­ly sü­tü­ni

Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da ge­çen Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çen döw­let­li mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy ösü­şi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­me­giň uzak möh­let­li stra­tegik mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

Ga­raş­syz­lyk – buý­san­jy­myz, bag­ty­myz

Ga­raş­syz­ly­gyň ge­çen 33 ýy­ly hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dy­ryp, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de ýur­du­my­zyň or­nu­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler bi­len şöh­rat­lan­dy. Şol iş­le­riň äh­li­si mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň be­lent sep­git­le­re ýet­me­gi, yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­de ös­me­gi gel­je­gi­mi­ziň has-da röw­şen­di­gi­ni wa­da ber­ýär. 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar.

Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň web-saýtynda habar berilýär. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň DIM-iň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­ň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň we­kil­le­ri, ede­bi­ýat­şy­nas­lar, alym­lar, žur­na­list­ler, ins­ti­tu­tyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, şeý­le-de KHBS-niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ha­ty­ra gü­ni – ha­ky­da gü­ni

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna hormat goýulýar, olaryň edermenligi çuňňur sarpalanýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Bag­ty­ýar hal­ky­myz öz­le­ri­niň bu gün­ki aja­ýyp dur­mu­şy üçin Wa­tan ogul­la­ry­nyň ha­ty­ra­sy­ny be­lent tut­ýar, hor­mat bi­len sar­pa­la­ýar. Ola­ryň hor­ma­ty­na gö­zel paý­tag­ty­myz­da bi­na edi­len «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da­ky «Ru­hy tag­zym», «Mil­le­tiň ogul­la­ry», «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne tag­zym edip, ger­çek­le­riň syn­maz ru­hu­na sar­pa­sy­ny bil­dir­ýär. Gök­de­pe ga­la­sy­ny go­ran ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk ur­şu­nyň gah­ry­man­la­ry­nyň, 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýertit­re­me­si­niň şe­hit­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na di­ki­len ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my bu gün­ki bag­ty­ýar dur­muş üçin ne­sil­le­riň ola­ra goý­ýan uly hor­ma­ty­nyň be­lent ny­şa­ny­dyr.

Awtoulaglaryň tizligi

Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda sürüjiniň ulagyny gatnawyň köplügini, ulagyň we ýüküň aýratynlygyny, ýagdaýyny, ýol we howa şertlerini, hususan-da, hereketiň ýagdaýyny nazara almak bilen, kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän hem-de bellenen çäklendirmelerden geçmeýän tizlik bilen sürmelidigi bellenilýär. Kadalarda sürüjilere: — ilatly ýerlerde ulaglaryň 60 kilometr/sagatdan ýokary bolmadyk tizlik bilen hereket etmäge;

Ýolagçylaryň borçlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň asuda, abadan ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň, pyýadalaryň hem-de ýolagçylaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Durmuşa geçirilýän aýdyň wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň hem-de pyýadalaryň borjunyň bolşy ýaly, ulagda barýan ýolagçynyň hem borjunyň bardygyny ýatladýar.

Zenanlar guramasynda

Dabaraly maslahat geçirildi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütleriň, kararlaryň taryhy ähmiýetini zenanlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — jemgyýeti ösdürmegiň esasy ýoly» ady bilen maslahat geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de Daşoguz şäher guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Mejlisiň zenan deputatlary, edara-kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat edildi

Tejen etrap bilim bölüminde etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap kazyýetiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahata edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Maslahatda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler, şol umumy milli forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşlarynyň taryhy ähmiýeti, kabul edilen çözgütler dogrusynda durup geçdiler.

Döwletli maslahatdan gelip çykýan wezipeler ilata düşündirilýär

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen, şu günler Ak bugdaý etrabynyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlary geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşlary dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Duşuşyklardyr maslahatlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlary berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine, ösüşli ýollaryna, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlaryna nazar aýlamaga hem-de olara buýsanmaga özboluşly mümkinçilik berdi. Bu çykyşlar ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Welaýat zenanlar bölüminde

Hünärli nesil — röwşen geljek  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, ruhubelent, hünärli, zähmetsöýer, edep-ekramly, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna ygrarly bolup ýetişmegi üçin dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşik yglan edildi.