Hünärli nesil — röwşen geljek
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, ruhubelent, hünärli, zähmetsöýer, edep-ekramly, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna ygrarly bolup ýetişmegi üçin dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşik yglan edildi.