Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna hormat goýulýar, olaryň edermenligi çuňňur sarpalanýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýar.
Bagtyýar halkymyz özleriniň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belent tutýar, hormat bilen sarpalaýar. Olaryň hormatyna gözel paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýär. Gökdepe galasyny goran ata-babalarymyzyň, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň hatyrasyna dikilen ýadygärlikler toplumy bu günki bagtyýar durmuş üçin nesilleriň olara goýýan uly hormatynyň belent nyşanydyr.