Ak mermerli paýtagtymyzda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen döwletli maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, berkarar Watanymyzy ösdürmegiň uzak möhletli strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty watandaşlarymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar.