Günorta Koreýanyň «Hyundai» kompaniýasy esaslandyrylmagynyň 57-nji ýylynda 100 millionynjy ulagyny öndürdi. Kompaniýa 50 millionynjy ulagyny 2013-nji ýylda öndüripdi. Bu bolsa, kompaniýanyň häzire çenli öndüren ulaglarynyň ýarysyny soňky 11 ýylda öndürendigini aňladýar. 1967-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa 1978-nji ýylda 5 millionynjy ulagyny çykarýar. Bu bolsa, koreý brendiniň soňky ýyllarda has ýokary ösüş gazanandygyny görkezýär. Bu şanly sene mynasybetli Günorta Koreýanyň Ulsan zawodynda öndürilen 100 million 1-nji ulag «Hyundai Ioniq 5» dabaraly ýagdaýda eýesine gowşuryldy. 1968-nji ýylda açylan bu önümçilik desgasy koreý awtoulag senagatynyň dünýä inen ýeri hasaplanýar. 1975-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige goýberilen ilkinji koreý ulagy bolan «Ponty» hem bu ýerde öndürilipdir.
Mähri DURDYÝEWA,