Balykçylaryň toruna içi hatly çüýşäniň ilýän ýagdaýy diňe hyýaly kinolarda däl, eýsem, kähalatlarda hakyky durmuşda hem gabat gelýär. Adamlar dürli döwürlerde dürli maksatlar bilen içine hat salnan çüýşeleri deňze taşlapdyrlar. 2018-nji ýylda awstraliýaly Tonýa Illman deňiz kenarynda gezelenç edýän wagty bir çüýşäni tapýar. Illman ony gadymy çüýşä meňzeýändigi sebäpli kitap tekjesinde goýmak üçin alýar. Onuň içindäki gumy dökmek üçin açanlarynda içinden saralan kagyz bölegi çykypdyr. Öýüne eltip kagyzy guradanlarynda öçügsi nemesçe ýazgynyň bardygy belli bolupdyr. Illman ýanýoldaşy bilen internetde gözleg edenlerinde bu kagyzyň Nemes deňiz obserwatoriýasyna degişlidigini anyklapdyrlar. Kagyzyň ýüzündäki ýazgyda onuň deňze taşlanan wagty, ýeri, gäminiň ady, gidýän ugry ýazylypdyr. Şeýle hem çüýşäni tapan adamdan ony Nemes deňiz obserwatoriýasyna ýa-da Germaniýanyň konsulluk edarasyna ugratmaklary haýyş edilipdir.
Günbatar Awstraliýa muzeýiniň hem-de Nemes deňiz obserwatoriýasynyň häzirki şahamçalarynyň hünärmenleri çüýşäniň 1886-njy ýylda Uelsiň Kardiff şäherinden Indoneziýanyň Makassar şäherine barýan gämiden deňze taşlanandygyny anykladylar. Şeýle hem hünärmenler bu çüýşäniň içi hatly iň gadymy çüýşedigini bellediler.