"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wirtual sergilere gyzyklanma artýar

Häzirki döwürde dünýäde wirtual sergilere, muzeýlere, onlaýn boýunça geçirilýän forumlardyr beýleki çärelere gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzda bu ugurda gazanylanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, 3D görnüşde giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Golaýda hemişelik Bitaraplygymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi öz işine başlady. Sergide baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň ykdysady ösüşde ýeten derejesi hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär. Wirtual sergide maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde berilmegi onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Oňa internet arkaly baglananlar meýilnama boýunça islän ugruny saýlap, berilýän maglumatlar, wideogörnüşler, habarlaşmak üçin salgylar bilen tanşyp bilýärler.

Kämilligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek we özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligiň täze usullaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýalardan baş çykarýan kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrümiziň esasy talabyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda ylma hem döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesliniň kemala gelendigini belläp, bilim ulgamyny ösdürmek, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemek wezipelerine üns çekýär. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy.

Wi­deoa­ra­gat­na­şyk­dan peý­da­lan­ýan­lar bar­ha art­ýar

Wi­deoa­ra­gat­na­şyk plat­for­ma­sy­ny dö­re­di­ji «Zo­om» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si ge­çen hep­de 5,7% ýo­kar­lan­dy. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si 35% ös­di. In­ter­net­den peý­da­lan­ýan­la­ryň art­ma­gy bi­len, wi­deoa­ra­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry hem iş­jeň­leş­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň art­ma­gy bol­sa, «Zo­om» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wi­deo hyz­mat­la­ryn­dan al­ýan gir­de­ji­si­ne ep-es­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bi­ler­men­ler gel­jek­de kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­nyň has-da ýo­kar­la­nyp, gir­de­ji­si­niň art­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 220,21 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Mat­ter­port» san­ly eko­sis­te­ma­sy­na on­lar­ça şä­he­ri goş­ýar

Ge­çen hep­de «Mat­ter­port» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ösü­şi 50% ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa san­ly mo­del­le­me eko­sis­te­ma­sy­ny gi­ňeld­ýär we dü­zü­mi­ne tä­ze şä­her­le­ri goş­ýar. Hä­zir­ki wagt­da myh­man­ha­na­lar we bö­lek sa­tuw top­lum­la­ry, iri ýa­şa­ýyş jaý tas­la­ma­la­ry we goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­la­ry «Mat­ter­port» bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

«Na­no Di­men­sion»-yň söw­da do­la­ny­şy­gy ýo­kar­lan­ýar

3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny üp­jün edi­ji «Na­no Di­men­sion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ge­çen hep­de 10,39% ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­jä «Na­no Di­men­sion»-yň di­zaýn we önüm­çi­lik üçin gel­je­gi uly 3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­sy­na gy­zyk­lan­ma­la­ryň art­ma­gy ýar­dam ed­ýär. 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de «Na­no Di­men­sion»-yň gir­de­ji­si 107% ar­typ, ABŞ-nyň 1,34 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Ha­sa­bat­dan gör­nü­şi ýa­ly, kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tuw­la­ry­nyň we gir­de­ji­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1,27 mil­liard dol­la­ry möç­be­ri­ne ba­ra­bar bol­dy.

«Pa­lan­tir» 30% ösü­şe ga­raş­ýar

Ki­ber­howp­suz­lyk hyz­ma­ty­ny üp­jün edi­ji «Pa­lan­tir» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­dan 2025-nji ýy­la çen­li ýyl­da, or­ta­ça, 30% ösüş ga­zan­ma­gy, şeý­le-de ABŞ-nyň 4,3 mil­liard dol­la­ry­na çen­li gir­de­ji al­ma­gy mak­sat edin­ýär. «Pa­lan­tir»-iň işi­niň ulal­ma­gy bi­len, gir­de­ji­si 2040-njy ýy­la çen­li ABŞ-nyň 50 mil­liard dol­la­ryn­dan hem ge­çip bi­ler. Ma­li­ýe ha­sa­bat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1 tril­lion dol­la­ry möç­be­rin­de ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy­na ba­ra­bar diý­mek­li­gi aň­lad­ýar.

«Pu­re Sto­ra­ge»-niň gir­de­ji­si 40% art­dy

Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän «Pu­re Sto­ra­ge» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si ge­çen çär­ýek­de 40% ýo­kar­lan­dy. «Pu­re Sto­ra­ge»-niň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri-de, abu­na hyz­mat­la­ry­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu hyz­mat­la­ryn­dan alan gir­de­ji­si 38% ar­typ, ABŞ-nyň 187,8 mil­lion dol­la­ry möç­be­ri­ne ba­ra­bar bol­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, di­ňe bir abu­na hyz­mat­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň umu­my gir­de­ji­si­niň üç­den bir bö­le­gi­ni tut­ýar. Mag­lu­mat­lar döw­rün­de kom­pa­ni­ýa prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi­niň art­ma­gy­na hem bil bag­la­ýar. 

«App­le» komp­ýu­ter­le­riň tä­ze mo­del­le­ri­ni goý­be­rer

«App­le» 2022-nji ýyl­da komp­ýu­ter­le­riň bäş sa­ny tä­ze «Mac» mo­del­le­ri­ni, şol san­da baş­lan­gyç de­re­je­li «MacBo­ok Pro»-ny, ýo­ka­ry de­re­je­li «iMac»-ny, «App­le M2 SoC» çi­pin­de iş­le­ýän tä­ze­le­nen «MacBo­ok Air»-ni, tä­ze­le­nen «Mac mi­ni»-ni we «Mac Pro»-ny önüm­çi­li­ge goý­be­rer. Bu ba­ra­da «MacRu­mors» por­ta­ly ha­bar berdi. Por­ta­lyň ha­ba­ry­na gö­rä, «App­le» öz pro­ses­sor­la­ry­na geç­mek we «In­tel»-iň çip­le­rin­den ýüz dön­der­mek me­ýil­na­ma­sy­ny has iş­jeň ama­la aşyr­ýar. My­sal üçin, baş­lan­gyç de­re­je­li «MacBo­ok Pro» «App­le M2» pro­ses­so­ryn­da iş­lär. Şeý­le-de 2022-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze «Air­Pods Pro» gulaklyklarynyň we «App­le»-iň il­kin­ji gi­ňel­di­len we wir­tual ha­ky­kat (AR) – gulaklygynyň goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

«Ford Mo­tor» Taý­land­da­ky za­wod­la­ryna ma­ýa go­ýar

ABŞ-nyň «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy Taý­land­da­ky «Ran­ger» ky­sym­ly pi­kap­la­ry we ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­likli «Ewe­rest» aw­tou­la­gy­ny ön­dür­ýän za­wod­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin, ABŞ-nyň 900 mil­lion dol­la­ry­ny ma­ýa go­ýar. Kom­pa­ni­ýa Taý­land­da­ky za­wo­dyn­da we «Maz­da Mo­tor» bi­len bi­le­lik­dä­ki «Au­toAl­liance Thai­land» kär­ha­na­syn­da önüm­çi­lik ro­bot­la­ry­nyň sa­ny­ny iki es­se kö­pel­der. Şol birwag­tyň özün­de, ma­ýa­ go­ýu­myň ABŞ-nyň 400 mil­lion dol­la­ryna barabar möçberi kom­pa­ni­ýa­nyň önü­mi­ni baza­ra çy­kar­mak ul­ga­my üçin harç­la­nar. Şeý­le hem «Ford» önüm­çi­li­giň ikin­ji çalşygyny ýo­la go­ýar, bu bol­sa ýe­ne 1250 tä­ze iş ornunyň dö­re­dil­me­gi­ne ge­ti­rer. Net­ije­de, Taý­land­da kom­pa­niýa­nyň za­wod­la­ry­nyň işçi güý­ji 9000-den gow­ra­ga çen­li ar­tar. Taý­land Azi­ýa­nyň iň uly aw­tou­lag ýyg­na­mak we eks­port et­mek mer­ke­zi­dir, pu­dak ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň, tak­my­nan, 10%-ini tut­ýar. 

«Hua­wei» tä­ze smart­fo­nyň üs­tün­de iş­le­ýär

Hy­ta­ýyň «Hua­wei» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze smart­fo­ny­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Azi­ýa­nyň akyl-teh­no­lo­gi­ýa ägir­di tä­ze ep­len­ýän smart­fo­ny bu bö­lüm­çe­dä­ki beý­le­ki en­jam­lar bi­len, my­sal üçin, ge­çen tom­suň ahy­ryn­da çy­kan «Sam­sung Ga­laxy Z Flip 3» bi­len bäs­le­şip bi­ler. Tä­ze dö­re­di­len en­jam «Hua­wei Ma­te V» ýa-da «Hua­wei Ma­te V Flip» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de tä­ze smart­fo­n beý­le­ki ky­bap­daş te­le­fon­lar­dan ar­zan bo­lar. Smart­fo­nyň sat­ly­ga çy­ka­ryl­jak se­ne­si mä­lim edil­me­di, ýö­ne bi­ler­men­ler en­ja­myň önüm­çi­li­gi­niň eý­ýäm baş­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di­ler.

«Toyo­ta Mo­tor» ABŞ-da ba­ta­re­ýa za­wo­dy­ny gu­rar

Ýa­po­ni­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dür­ýan «Toyo­ta Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­da (ABŞ) elektrik­leş­di­ri­len aw­tou­lag­lar üçin umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 1,29 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan ba­ta­re­ýa ön­dür­ýän za­wo­dy­ny gu­rar. De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­nyň mer­ke­zin­de gu­rul­ma­ly za­wod, ABŞ-nyň bu şta­tyn­da 1750 iş ýe­ri­ni dö­re­der. Önümç­lik des­ga­sy­na ma­ýa go­ýum­la­ry 2031-nji ýy­la çen­li harç­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de «Toyo­ta»-nyň tä­ze za­wo­dy kom­pa­ni­ýa­nyň okt­ýabr aýyn­da yg­lan eden elekt­rik ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin goý­be­ren, tak­my­nan, ABŞ-nyň 3,4 mil­liard dol­la­ryna barabar ma­ýa go­ýu­myn­dan hem ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Ge­çen söw­da­lar­da «Toyo­ta»-nyň bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy 2068 ýe­na ba­ra­bar bol­dy.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ulgamlaryň döwrebaplaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

09.12.2021. Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

2022-nji ýylda garaşylýan tehnologiýa täzelikleri

Gün geoenženeriýasy Wulkanlaryň ýokarky atmosfera zyňýan tozany we küli sowadyjy täsire eýe. 1991-nji ýylda Filippinlerde Pinatubo wulkanynyň atylmagy ýeri birnäçe ýylyň dowamynda 0,5 °C sowatdy.

Nebitgaz senagatynyň geljegi sanly tehnologiýalara daýanýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň açylmagy diňe ýokary okuw mekdebimiziň çäginde däl, eýsem, ýurt möçberinde möhüm wakalaryň biri boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň giň gerim almagy, ilkinji nobatda, maglumat elýeterliligini we onuň goraglylygyny öňe çykarýar. Önümçiliklere innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň güýjemegi işiň çalt depginini, ýokary öndürijiligi we hili üpjün edýär. Bu hem, hususan-da, sanly tehnologiýalara doly baglydyr. Üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdebimizde açylan bu fakultetde kiberhowpsuzlyk, informatika we maglumat tehnologiýalary, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedralary bolup, talyplara hünärleriň üçüsi: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi, programma inženerligi (bakalawr, iňlis dilinde) boýunça düýpli bilim berilýär we hünär öwredilýär. Talyplar agzalan hünärlerde awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, maglumat gorlary we torlary ulgamynda önümçilik-tehnologik, guramaçylyk-dolandyryş ugurlarynda taslama, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylýar we ylmy işgär hökmünde programmirlemekde,

Telefonymyzyň batareýasyny nädip goramaly?

Durmuşymyzy mobil telefonsyz göz öňüne getirmek indi asla mümkin däl. Duýdansyz telefonymyzyň batareýasynyň güýjüniň azalmagy ýa-da öçüp galmagy bolsa hiç birimiziň isleýän ýagdaýymyz däl. Köp ulanyjylar telefonlarynyň batareýalarynyň uzak wagtlap güýjüni saklamaýanlygyndan ýa-da birdenkä öçüp galmagyndan nägile bolýarlar. Eýsem, munuň aňyrsynda näme bar? Nädip telefonlarymyzyň batareýalarynyň ömrüni uzaldyp bolýar? Geliň, öwreneliň! Islendik zarýad beriji enjamy ulanmak — ýalňyş

Sanly ykdysadyýetde elektron senagatyň orny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär. Diýarymyzda milli ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş meselelerini çözmäge üns güýçlendirilip, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de senagat ulgamyny ösdürmäge, olary diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň ykdysady taýdan öňe tarap çalt depginler bilen ilerlemegini gazanmakda, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmakda giň gerim bilen ösýän senagat ulgamy kesgitleýji orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini iri möçberde senagatlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça saýlap alnan ugruň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy senagat pudaklary ýokary depginli ösüşlere beslendi. Innowasiýalar eýýamynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, senagat ulgamy hem sanlylaşdyrylmak bilen, pudaga täze tehnologik enjamlar ornaşdyrylýar.

«Vale» de­mir mag­da­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar

«Vale» kom­pa­ni­ýa­sy de­mir mag­da­ny önüm­çi­li­gi­niň çak­la­ma­sy­ny 315 – 320 mil­lion ton­na ýe­tir­di. Kom­pa­ni­ýa ge­çen aý­da 315 – 335 mil­lion ton­na ara­ly­gyn­da de­mir mag­da­nynyň ön­dü­ril­jek­li­gi ba­ra­da çak­la­ma be­rip­di. 2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da bol­sa, kom­pa­ni­ýa 320 – 335 mil­lion ton­na mag­dan ön­dür­mek­li­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le-de «Vale» kom­pa­ni­ýa­sy Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len bir­ža söw­da­la­ryn­da gel­jek — 2022-nji ýyl­da ma­ýa go­ýum çyk­da­jy­la­ry­nyň ABŞ-nyň 5,8 mil­liard dol­la­ry­na ýet­me­gi­ne ga­raş­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

«Cana­dian So­lar»-yň tä­ze hyz­mat­daş­ly­gy

Gün ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dü­ri­ji «Cana­dian So­lar» kom­pa­ni­ýa­sy ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­ny dö­re­di­ji «Con­tem­po­ra­ry Am­pe­rex Techno­lo­gy» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Kom­pa­ni­ýa­lar Gün ener­gi­ýa­sy­ny sak­la­mak üçin li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan top­lu­my hö­dür­lär. Ba­ta­re­ýa­la­ry bo­lan Gün pa­nel­le­ri ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni ep-es­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, kä­bir jaý eýe­le­ri mer­ke­zi elekt­rik to­gy ke­si­len ýag­da­ýyn­da yşyk­lan­dy­ryş we so­wa­dy­jy üçin gys­sag­ly güýç çeş­me­si hök­mün­de Gün ba­ta­re­ýa­la­ry­na bil bag­la­ýar­lar. «Mor­dor In­tel­li­gence»-niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­niň glo­bal Gün ba­ta­re­ýa ba­za­ry öňü­miz­dä­ki bäş ýyl­da 24% öser.