«Vale» de­mir mag­da­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar

5 Dekabr 2021
1686

«Vale» kom­pa­ni­ýa­sy de­mir mag­da­ny önüm­çi­li­gi­niň çak­la­ma­sy­ny 315 – 320 mil­lion ton­na ýe­tir­di. Kom­pa­ni­ýa ge­çen aý­da 315 – 335 mil­lion ton­na ara­ly­gyn­da de­mir mag­da­nynyň ön­dü­ril­jek­li­gi ba­ra­da çak­la­ma be­rip­di.

2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da bol­sa, kom­pa­ni­ýa 320 – 335 mil­lion ton­na mag­dan ön­dür­mek­li­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le-de «Vale» kom­pa­ni­ýa­sy Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len bir­ža söw­da­la­ryn­da gel­jek — 2022-nji ýyl­da ma­ýa go­ýum çyk­da­jy­la­ry­nyň ABŞ-nyň 5,8 mil­liard dol­la­ry­na ýet­me­gi­ne ga­raş­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Taýýarlan: Oguljahan ŞAJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň uly mugallymy.