"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halypalar — ussatlygyň mekdebi

Ile özüni aldyran sungat adamlary hemişe köpüň içinde bolýarlar. Şeýle bolansoň olar bilen duşuşmak, söhbetdeş bolmak, pikir alyşmak islendik adam üçin hem diňe bir gyzykly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ussatlyk mekdebiniň hem gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz öz nesillerini haýsydyr bir käriň belentliginde görmekçi bolanlarynda, turuwbaşdan halypalaryň ussatlyk mekdebini geçmekligi ündäpdirler. Il arasynda «halypa gören» diýen düşünjäniň aňyrsynda hem pederlerimiziň ýörelgesi bolup asyr yzarlap gelýän şu kada ýatyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluna üns berilmeginiň zerurdygy baradaky gymmatly pikirleri Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly ýörelgeleri bilen zamanabap röwüşde ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine biz — talyp ýaşlar ýörite sungat mekdebimizde geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň barşynda, sapakdan daşary geçirilýän çäreleriň mysalynda, milli senenamamyza laýyklykda bellenilip geçilýän baýramçylyk dabaralarynda has anyk göz ýetirýäris. Çünki şol çäreleriň barşynda bize halypa mugallymlarymyz, sungat ussatlary öz baý iş tejribelerini öwredýärler. Olaryň arasynda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» ýaly hormatly atlaryň eýeleri hem bar. Şeýle bolansoň geçirilýän her bir çäre biz — talyplar üçin sö

Nusgalyk ömür

Suratda: (çepden) Çary Matalow, Gurban Meredow, Aýdogdy Agabaýew, Çerkez Ataýew «Türkmenistanyň halk magaryfy» žurnalynyň işgärleri bilen. 1981 ý. Surata düşüren Alikper Guseýnow. Gaýyn atam, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Çary Matalow dürli ýyllarda ozalky «Türkmenistan» neşirýatynda, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde zähmet çekdi. Ol terjimeçilik işi bilen içgin meşgullanyp, rus ýazyjylarynyň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Bulardan başga-da, halypa žurnalist hökmünde öz döwrüniň zähmet pälwanlary barada uly göwrümli makalalary hem-de oçerkleri ýazdy. Onuň ýiti galamyndan çykan «Arkaýyn bol, Aman», «Altyn güýz», «Täze ýurt», «Meniň ýyldyzym» atly powestleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

1956-njy ýylyň güýz aýlarynda Daşoguzda ýerleşen şol wagtky mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary halypa bagşy Magtymguly Garlyýewi döredijilik duşuşygyna çagyrypdyrlar. Ol saglyk ýagdaýynyň egbarlamagyna garamazdan: «Talyplar haýyş edýän bolsa, bitirmeli bolar» diýip, olaryň arasyna baryp aýdym aýdyp beripdir. Şonda-da ýadygärlik üçin surata düşüpdir.

Watana wepaly — Alabaý

Asyrlaryň gatyna siňip giden meşhur taryhymyza ser salyp görenimizde, türkmen döräp, onuň şöhrata beslenen ajaýyp bedew atynyň, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý itiniň bolandygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda merdana pederlerimiziň ýadawsyz yhlasy bilen biziň günlerimize çenli öz arassalygyny saklap galan türkmen alabaýlary barada täsirli gürrüňler berilýär. Halkymyzyň nesilbaşysy Oguz hanyň kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan ajaýyp bedewi bolan. Rowaýata görä, bir gün Oguz han atamyz uzak günbatar ýurtlara tarap goşun çekip, ýola düşmekçi bolanda bir täsin gudrata duçar bolýar. Säher wagty asmandan onuň ýöriş çadyrynyň tüýnüginden ylahy nur inip, Oguz hanyň öňüne düşýär. Nuruň içinden ýogyn boýnunyň tüýleri hüžžerip duran boz (çal) möjek çykýar-da, Oguz han atamyza: «Ýörişe gideňde meni ýanyňdan goýma, başyňa injek köp belalardan seni goraryn!» diýýär.

Tälim algyl ussatdan

Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly ýörelge ýaş nesilleriň kalbynda adamkärçiligiň, sylag-hormatyň belent nusgasyny kemala getirmekde ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin» diýen taglymatynda şygryýet äleminiň bu läheňleriniň milli  beýiklik ölçeglerinden ugur alýar. Ussat — bu öz işine ökde hem ezber, halypalyga ýetişen ynsandyr. Çyn ussatlar baky ýaşaýandyr, çünki olaryň döreden, ýazan ýa-da bejeren zatlary, salan ymaratlary ebedi bolup, geljek nesillere ýadygär galýar. Ussat halypalaryň asylly başlangyjyny bolsa şägirtleri dowam etdirýärler, ony has hem kämilleşdirýärler. Ussadyň kesbini dowam eýläp, ony kämilleşdirmek, olaryň sylag-sarpasynyň belentde görülýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýilýär. Şägirt halypadan ozdursa hem ussadyň hormat-sylagyny saklamak ýokary adamkärçilikden nyşandyr.

Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir

2009-njy ýylyň sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde ýörite Rezolýusiýa kabul edilip, her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz baýramy döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyryp, halklaryň taryhy-medeni däplerini giňden dabaralandyrýar. Nowruzyň öňküsi gije Gök ýüzünde gözýetimden aňyrda ýitip gidýän Öküz we Sugun ýyldyzlar toplumy görünýär. Älem giňişliginde bolsa Şir ýyldyzlar toplumy galýar. Pederlerimiz bu tebigy ahwaly gadymy döwürlerde bilipdirler. Saklaryň şekillendiriş sungatynda şiriň sugun bilen öküzden rüstem gelşi şekillendirilipdir.

Görkana baharyň ylham-joşguny

Göwünleri joşduryp gelýän bahar paslynda özboluşly jady bar. Halkymyzyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli birnäçe ajaýyp däp-dessurlar berjaý edilýär. Bizem Türkmenabat şäheriniň ýaşuly ýaşaýjysy, 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Miwegül Berdiýewanyň Nowruz däpleri, baýramçylyk mynasybetli berjaý edilýän toý dessurlary bilen baglanyşykly söhbedini size ýetirmegi makul bildik. — Synçy pederlerimiz baharyň gelenini «gök torgaý» diýen guşuň uçup gelşi bilen kesgitleýärler. Ýaz gelende, ýaşulular topraga däne ekip, olaryň ösüp çykyşyna görä, güýzki alynjak hasylyň mukdaryny anyklaýarlar. Eger däneler gowy ösüp çyksa, bu hasylly, bereketli ýyldan nyşandyr. Bahar gelende, azal aşy bişirilýär. Has gadymy döwürlerde azal sazlanyp, öküzleriň şahy ýaglanylypdyr.

Sergi işläp başlady

Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guran wagtlaýyn sergimiz Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplary onuň ilkinji myhmanlary boldular. Biz olara Halkara Nowruz baýramynyň gelip çykyşy, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşe eýe bolýandygy barada gürrüň berdik. Nowruz tagamlarynyň taýýarlanylyşyny görkezdik. Wagtlaýyn sergide amaly-haşam sungatynyň eserlerine, milli egin-eşiklere, haly we haly önümlerine, gadymy döwürde peýdalanylan zähmet gurallaryna, hojalykda ulanylan gap-gaçlara hem giň orun berildi. Nowruz baýramyny, onuň garşylanyşyny şöhlelendirýän suratlar hem talyplaryň ünsüni çekdi. Olarda etrabymyzda hereket edýän aýdym-saz we folklor toparlarynyň Milli bahar baýramy mynasybetli eden çykyşlary öz beýanyny tapdy.

Köp öwüşginli baýramçylyk

Milli bahar baýramy tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň, agzybirligiň, janlanyşyň, täzelenişiň baýramydyr. gadymdan gelýän milli baýramymyz bolan bahar baýramynda tebigata aýratyn öwüşgin çaýylmagy ynsan kalbyny tämizleýän möwsümiň hökmürowanlygyny aňladýar. Nowruz güni gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän günüdir. Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny kämil derejä ýetiripdirler, öz durmuş ýörelgelerini ösdüripdirler. Pederlerimizden bize jemgyýetde özüňi alyp barmagyň we gözellik baradaky garaýyşlaryň medeniýeti miras galypdyr. Nowruz baharyň başlangyjy, badalgasy hökmünde ynsanlaryň kalbynda orun alypdyr. Nowruz häzirki döwürde bolşy ýaly, geçmişde hem türkmenleriň iň bir şatlykly baýramçylygy bolupdyr. Bu baýramçylygyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär. Aýratyn tagamlar taýýarlanylýar hem-de adamlar bir-biriniňkä maşgala bolup, myhmançylyga barypdyrlar. Şeýle hem maddy däl medeni mirasyň düzüm bölegi hasaplanýan, şatlyk-şowhuny dabaralandyrýan baýram bolan Nowruz baýramçylygynda uly ýaşdan başlap kiçi ýaşlylara çenli aýdym aýdyp, şatlanypdyrlar. «Her kim Nowruz güni şatlansa, aýdym aýtsa, tans etse, indiki täze ýyla — Nowruza aman barýar» diýen düşünjä ynanyp, ene-mamalarymyz läle kakyp, küşt depipdirler, öleňdir monjugatdy aýdypdyrlar. Halkymyzyň milli sene

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ahlak-watançylyk duýgularynyň beýany

Beýik akyldarymyzyň döreden eserleri, onuň pikir-garaýyşlary üstünden asyrlar geçse-de, häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Nusgawy şahyrymyzyň paýhasly pedagogikasynyň asylly ündewlerini beýan edýän eserlerini öwrenip, onuň halk bilen deň hatarda durup, öz şahyrana setirleri bilen adamlary ruhy taýdan goldandygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik täsiri bolan ynsanperwerlik, ahlak-watançylyk garaýyşlarydyr. Beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr türkmen diliniň ösmeginde, onuň kämilleşmeginde hem uly işleri bitiren şahsyýetdir. Şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirliligi bilen beýan edýär. Adam mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl kuwwatyny, döredijiligini bagyş eden, türkmen halkynyň akyldar oglunyň, parasatly şahyryň edebi mirasynda ahlak-watançylyk meselesi hem özüniň köpdürlüligi, terbiýeleýjiligi bilen beýanyny tapýar. Şeýlelikde, şahyryň ahlak terbiýesine degişli goşgulary onuň döredijiliginde esasy orun tutýar. Şahyryň beýan edýän adamkärçilik häsiýetleri, esasan, Watany, zähmeti söýmek, batyrlyk, dogruçyllyk, agzybirlik ýaly asylly ädimler onuň goşgularynyň düýp esasynda ör-boýuna galýan möhüm temalaryň biridir.

Belent sarpanyň nyşany

Güneşli Diýarymyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Şu mynasybetli etrabymyzyň edara-kärhanalarynda bu şanly senäni ýokary derejede garşylamak boýunça işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda dabaraly çärelere, döredijilik bäsleşiklerine badalga berildi. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda we medeniýet-sungat ojaklarynda meşhur aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän çäreleriň baş maksady akyldar şahyrymyzyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki döwrümizde hasyl bolandygyny, çuňňur mazmunly goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmeklige gönükdirilýär. Etrabymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem bu çärelere işjeň gatnaşmak bilen, akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgy setirleriniň mazmunyny düşündirýärler. Çäreleriň barşynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmeginiň türkmen edebiýatynyň, nusgawy şahyrymyzyň çeper döredijiliginiň dünýä derejesindäki meşhurlygyny alamatlandyrýandygyny belleýärler. Şeýle-de dana Pyragynyň umman ýaly şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen däl, eýsem, daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň he

Ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Esasan hem ýaş nesillere terbiýe berlende şahyryň goşgulary mysal getirilýär, onuň ähmiýeti düşündirilýär. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatyň ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda uly ornunyň bardygy edebiýatçy alymlar tarapyndan bellenilýär. Ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda ylym-bilimiň örän uly orny bardyr, çünki bilimli ynsan kämil şahsyýetdir, watansöýüji adamdyr. Şeýle watansöýüji ynsany terbiýelemekde hem çeper edebiýatyň, kitabyň orny uludyr. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýaşlara okatmak, oňa düşünmeklerini gazanmak ähmiýetlidir. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Py

Beýik şahyryň hormatyna

Ýaz paslynyň gözelligi, ajaýyp howasy ynsan kalbyna ylham, bedenine kuwwat berýär. Bahar bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, saglygyňy berkitmek üçinem iň oňaýly döwür. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp eserlerinde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine ýokary baha berilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasda bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr» diýlip, ynsan ömrüniň tutuş dowamynda saglygyň gadyryny bilmek, ony gorap saklamak barada öwüt-ündew edilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem Gündogaryň beýik akyldarynyň pent-nesihatlaryndan ugur alyp, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni durmuş hemrasyna öwürýärler.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: 1942-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmen kalby» atly halynyň kesilýän pursaty. Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügini 1941-nji ýylda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň üçinem Moskwanyň Uly teatrynyň sahnasyny türkmen halysy bilen bezemek müwessa bilinýär. Halyny dokamaga Gyzylarbat haly arteliniň 35 sany halyçysy gatnaşýar. Olara ökde halyçy Annabegi Wasowa topar ýolbaşçy bellenilýär. Hemmeler oňa Käbe diýensoň, onuň ady «Käbe Wasowa» diýlip ýazylýar.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Türkmenistanyň halk artisti Kümüş Hezretgulyýewa öz döwründe «Hatyja», «Arzygül», «Ýelpeselendi», «Saýadym», «Garagöz», «Mährijemal» ýaly aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Halypa aýdymçy Kümüş Hezretgulyýewa milli estrada sungatymyzy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 2016-njy ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen hatyralandy.

Mähir siňen edermenlik

Suratkeş Çary Amangeldiýewiň  «Rodoguna» diýen işi. Zenan — dünýäniň görki. Zenan bilen bu barlyk many-mazmuna eýe bolýar. Sebäbi zenan — ene, zenan — mähriban uýa, zenan — wepasy bilen ojaklaryň yssylygyny gorap saklaýan ýanýoldaş. Ýöne taryh zenanyň dünýäniň ösüşine täsirini ýetirişiniň-de şaýady. Türkmen taryhynda-da şeýle zenanlar bolupdyr. Şolaryň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik.

Watan goragçylarynyň durmuşynda milli mirasyň orny

Häzirki zaman etiketinde bütin dünýäniň ähli halklarynyň gadymyýetden şu güne çenli adatlary, däpleri we dessurlary öz beýanyny tapýar. Bu däp-dessurlar, esasan, hemmeler üçin umumydyr. Bilermenleriň pikirine görä, her bir üstünlikli gulluk wezipesine, at-abraýa ýeten adamlaryň 85 göterimi daş-töweregi bilen ýakymly aragatnaşyk etmek başarnygyna görä, 15 göterimi bolsa diňe özüniň kämil bilimine görä mynasyp bolupdyr. Bu bolsa edep kadalarynyň talaplaryny we işjeň aragatnaşygyň kanunlaryny berjaý etmek arkaly üstünlige, at-abraýa ýetip bolýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky düzgün-tertibi, medeniýetliligi öz içine alýar. Edim-gylymdan edebe, düşünjeden dessura öwrülip galan oňyn häsiýetler, sogaply hereketler elmydama eý görülýär. Ol işleriň ilerlemegine itergi berýän ilkinji sebäplerdir. Edep gymmatly uly hazyna. Türkmeniň owal-ahyrda beýik millet bolup galmagynda onuň ahlak-edebi gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandyklary sebäp bolupdyr. Şonuň üçin öten döwürde-de gaýry ýurtly alymlar, danalar, halypalar türkmenler bilen gatnaşyk açmagy özlerine mertebe hasaplapdyrlar. Bularyň ählisiniň gözbaşynda «edeplilik» diýilýän düşünjä syrygýan gözel gylyklar, sagdyn garaýyşlar ýatyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ruhy-ahlak we edep gymmatlygyna uly

Magtymguly we Türkmenistanyň Konstitusiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünliklere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz, XVIII asyryň görnükli wekili, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, döwlet-hukuk taglymatlaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 4-nji martda amala aşyran iş sapary wagtynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşmagy hem munuň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Magtymguly Pyragy Watan, il-ýurt barada

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.Gül-gunçasy, gara gözüm garasy,Gara dagdan iner sili türkmeniň. * * *

Adyna hoş sözler söýlenýär bu gün

Özüniň dürdäne setirleri bilen halkyň ýüreginde baky orun alan Magtymguly atamyzyň döredijiliginde döwrüň keşbi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi, gylyk-häsiýetleri bilen birlikde umumadamzat meseleleri-de giňden açylyp görkezilýär. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlary ruhubelentlige, pespällilige, umytly ýaşamaga, Watany, il-ýurdy söýmäge çagyrýar. Şonuň üçin hem durşy bilen akyl-paýhasa ýugrulan şol goşgular her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Akyldar şahyrymyz halkyň ykbalynyň aladasynda bolup, erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuw-umytlaryny setirlerinde beýan edip, il-gününi agzybirlige çagyrypdyr. Şahyr köňül täjini bezän ruhy ahwallaryny dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen «Türkmeniň» atly goşgusynda şeýle beýan edipdir: