Watan goragçylarynyň durmuşynda milli mirasyň orny

9 Mart 2023
443

Häzirki zaman etiketinde bütin dünýäniň ähli halklarynyň gadymyýetden şu güne çenli adatlary, däpleri we dessurlary öz beýanyny tapýar. Bu däp-dessurlar, esasan, hemmeler üçin umumydyr. Bilermenleriň pikirine görä, her bir üstünlikli gulluk wezipesine, at-abraýa ýeten adamlaryň 85 göterimi daş-töweregi bilen ýakymly aragatnaşyk etmek başarnygyna görä, 15 göterimi bolsa diňe özüniň kämil bilimine görä mynasyp bolupdyr. Bu bolsa edep kadalarynyň talaplaryny we işjeň aragatnaşygyň kanunlaryny berjaý etmek arkaly üstünlige, at-abraýa ýetip bolýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky düzgün-tertibi, medeniýetliligi öz içine alýar. Edim-gylymdan edebe, düşünjeden dessura öwrülip galan oňyn häsiýetler, sogaply hereketler elmydama eý görülýär. Ol işleriň ilerlemegine itergi berýän ilkinji sebäplerdir. Edep gymmatly uly hazyna. Türkmeniň owal-ahyrda beýik millet bolup galmagynda onuň ahlak-edebi gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandyklary sebäp bolupdyr. Şonuň üçin öten döwürde-de gaýry ýurtly alymlar, danalar, halypalar türkmenler bilen gatnaşyk açmagy özlerine mertebe hasaplapdyrlar. Bularyň ählisiniň gözbaşynda «edeplilik» diýilýän düşünjä syrygýan gözel gylyklar, sagdyn garaýyşlar ýatyr.

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ruhy-ahlak we edep gymmatlygyna uly üns bermegi tötänlik däldir. Türkmeni millet hökmünde beýiklige galdyrýan ahlak gymmatlyklaryny özgerip duran häzirki zaman dünýäsinde aýratyn alada bilen gurşamak zerurlyk bolup durýar. Bu her bir raýata hem mahsusdyr welin, harby gullukçylar üçin has-da zerur bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda söz hakynda öwran-öwran pikir ýöredip, ýaman söz bilen adamlaryň göwnüne degmezligi, ýüregine bitmez ýara salmazlygy, olaryň ynjan göwünlerini awlamagy maslahat berýär. Milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan «Döwlet guşy» romany, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplary hem kämil harby gullukçylary taýýarlamakda biz üçin usuly gollanma bolup hyzmat edýär. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitaplarda eziz Watanymyzyň mukaddesligine, halkymyzyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryna, döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Kitaplary okanymyzda ata Watanymyza, milli gymmatlyklarymyza bolan söýginiň jemlenendigine göz ýetirýäris. Muňa mysal edip, «Döwlet guşy» romanyndaky «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim»  diýen setirlerini alyp bileris. Setirlerden görnüşi ýaly, bu jümlede ahlak sypatlar, Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksadaokgunlylygyň, ruhubelentligiň inçe syrlary dogrusynda bellenip geçilýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapýan ata-babalarymyzyň milli terbiýesi, ýol-ýörelgesi harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.