Belent sarpanyň nyşany

13 Mart 2023
488

Güneşli Diýarymyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Şu mynasybetli etrabymyzyň edara-kärhanalarynda bu şanly senäni ýokary derejede garşylamak boýunça işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda dabaraly çärelere, döredijilik bäsleşiklerine badalga berildi. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda we medeniýet-sungat ojaklarynda meşhur aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän çäreleriň baş maksady akyldar şahyrymyzyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki döwrümizde hasyl bolandygyny, çuňňur mazmunly goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmeklige gönükdirilýär. Etrabymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem bu çärelere işjeň gatnaşmak bilen, akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgy setirleriniň mazmunyny düşündirýärler. Çäreleriň barşynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmeginiň türkmen edebiýatynyň, nusgawy şahyrymyzyň çeper döredijiliginiň dünýä derejesindäki meşhurlygyny alamatlandyrýandygyny belleýärler. Şeýle-de dana Pyragynyň umman ýaly şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen däl, eýsem, daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň hem nusgalyk döredijilik mekdebine öwrülendigi tekrarlanylýar. Biz halkymyzyň baý medeni-taryhy we ruhy mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny gorap saklamaklyga hem-de dünýäde giňden wagyz etmeklige möhüm ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Mekan ÖWEZMUHAMMEDOW,
Çärjew etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.