Görkana baharyň ylham-joşguny

15 Mart 2023
462

Göwünleri joşduryp gelýän bahar paslynda özboluşly jady bar. Halkymyzyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli birnäçe ajaýyp däp-dessurlar berjaý edilýär. Bizem Türkmenabat şäheriniň ýaşuly ýaşaýjysy, 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Miwegül Berdiýewanyň Nowruz däpleri, baýramçylyk mynasybetli berjaý edilýän toý dessurlary bilen baglanyşykly söhbedini size ýetirmegi makul bildik.

— Synçy pederlerimiz baharyň gelenini «gök torgaý» diýen guşuň uçup gelşi bilen kesgitleýärler. Ýaz gelende, ýaşulular topraga däne ekip, olaryň ösüp çykyşyna görä, güýzki alynjak hasylyň mukdaryny anyklaýarlar. Eger däneler gowy ösüp çyksa, bu hasylly, bereketli ýyldan nyşandyr. Bahar gelende, azal aşy bişirilýär. Has gadymy döwürlerde azal sazlanyp, öküzleriň şahy ýaglanylypdyr.