Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ahlak-watançylyk duýgularynyň beýany

14 Mart 2023
701

Beýik akyldarymyzyň döreden eserleri, onuň pikir-garaýyşlary üstünden asyrlar geçse-de, häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Nusgawy şahyrymyzyň paýhasly pedagogikasynyň asylly ündewlerini beýan edýän eserlerini öwrenip, onuň halk bilen deň hatarda durup, öz şahyrana setirleri bilen adamlary ruhy taýdan goldandygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik täsiri bolan ynsanperwerlik, ahlak-watançylyk garaýyşlarydyr. Beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr türkmen diliniň ösmeginde, onuň kämilleşmeginde hem uly işleri bitiren şahsyýetdir. Şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirliligi bilen beýan edýär.

Adam mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl kuwwatyny, döredijiligini bagyş eden, türkmen halkynyň akyldar oglunyň, parasatly şahyryň edebi mirasynda ahlak-watançylyk meselesi hem özüniň köpdürlüligi, terbiýeleýjiligi bilen beýanyny tapýar. Şeýlelikde, şahyryň ahlak terbiýesine degişli goşgulary onuň döredijiliginde esasy orun tutýar. Şahyryň beýan edýän adamkärçilik häsiýetleri, esasan, Watany, zähmeti söýmek, batyrlyk, dogruçyllyk, agzybirlik ýaly asylly ädimler onuň goşgularynyň düýp esasynda ör-boýuna galýan möhüm temalaryň biridir.

Nazarmämmet BÄBIŞOW.