Saklanyp galan pursatlar

9 Mart 2023
648

Suratda: 1942-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmen kalby» atly halynyň kesilýän pursaty.

Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügini 1941-nji ýylda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň üçinem Moskwanyň Uly teatrynyň sahnasyny türkmen halysy bilen bezemek müwessa bilinýär. Halyny dokamaga Gyzylarbat haly arteliniň 35 sany halyçysy gatnaşýar. Olara ökde halyçy Annabegi Wasowa topar ýolbaşçy bellenilýär. Hemmeler oňa Käbe diýensoň, onuň ady «Käbe Wasowa» diýlip ýazylýar.

Akjemal NYÝAZMYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.