Sergi işläp başlady

15 Mart 2023
369

Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guran wagtlaýyn sergimiz Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplary onuň ilkinji myhmanlary boldular. Biz olara Halkara Nowruz baýramynyň gelip çykyşy, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşe eýe bolýandygy barada gürrüň berdik. Nowruz tagamlarynyň taýýarlanylyşyny görkezdik.

Wagtlaýyn sergide amaly-haşam sungatynyň eserlerine, milli egin-eşiklere, haly we haly önümlerine, gadymy döwürde peýdalanylan zähmet gurallaryna, hojalykda ulanylan gap-gaçlara hem giň orun berildi. Nowruz baýramyny, onuň garşylanyşyny şöhlelendirýän suratlar hem talyplaryň ünsüni çekdi. Olarda etrabymyzda hereket edýän aýdym-saz we folklor toparlarynyň Milli bahar baýramy mynasybetli eden çykyşlary öz beýanyny tapdy.

Agamyrat KLYÇEW,
Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň direktory.