Beýik şahyryň hormatyna

10 Mart 2023
449

Ýaz paslynyň gözelligi, ajaýyp howasy ynsan kalbyna ylham, bedenine kuwwat berýär. Bahar bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, saglygyňy berkitmek üçinem iň oňaýly döwür. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy.

Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp eserlerinde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine ýokary baha berilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasda bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr» diýlip, ynsan ömrüniň tutuş dowamynda saglygyň gadyryny bilmek, ony gorap saklamak barada öwüt-ündew edilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem Gündogaryň beýik akyldarynyň pent-nesihatlaryndan ugur alyp, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni durmuş hemrasyna öwürýärler.

Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.