Halypalar — ussatlygyň mekdebi

17 Mart 2023
483

Ile özüni aldyran sungat adamlary hemişe köpüň içinde bolýarlar. Şeýle bolansoň olar bilen duşuşmak, söhbetdeş bolmak, pikir alyşmak islendik adam üçin hem diňe bir gyzykly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ussatlyk mekdebiniň hem gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz öz nesillerini haýsydyr bir käriň belentliginde görmekçi bolanlarynda, turuwbaşdan halypalaryň ussatlyk mekdebini geçmekligi ündäpdirler. Il arasynda «halypa gören» diýen düşünjäniň aňyrsynda hem pederlerimiziň ýörelgesi bolup asyr yzarlap gelýän şu kada ýatyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluna üns berilmeginiň zerurdygy baradaky gymmatly pikirleri Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly ýörelgeleri bilen zamanabap röwüşde ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine biz — talyp ýaşlar ýörite sungat mekdebimizde geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň barşynda, sapakdan daşary geçirilýän çäreleriň mysalynda, milli senenamamyza laýyklykda bellenilip geçilýän baýramçylyk dabaralarynda has anyk göz ýetirýäris. Çünki şol çäreleriň barşynda bize halypa mugallymlarymyz, sungat ussatlary öz baý iş tejribelerini öwredýärler. Olaryň arasynda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» ýaly hormatly atlaryň eýeleri hem bar. Şeýle bolansoň geçirilýän her bir çäre biz — talyplar üçin söýgüli kärimiziň belentligine tarap ynamly gadamdyr.

Uzbike ABDYLLAÝEWA,
Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyby.