Köp öwüşginli baýramçylyk

14 Mart 2023
475

Milli bahar baýramy tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň, agzybirligiň, janlanyşyň, täzelenişiň baýramydyr. gadymdan gelýän milli baýramymyz bolan bahar baýramynda tebigata aýratyn öwüşgin çaýylmagy ynsan kalbyny tämizleýän möwsümiň hökmürowanlygyny aňladýar. Nowruz güni gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän günüdir. Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny kämil derejä ýetiripdirler, öz durmuş ýörelgelerini ösdüripdirler. Pederlerimizden bize jemgyýetde özüňi alyp barmagyň we gözellik baradaky garaýyşlaryň medeniýeti miras galypdyr.

Nowruz baharyň başlangyjy, badalgasy hökmünde ynsanlaryň kalbynda orun alypdyr. Nowruz häzirki döwürde bolşy ýaly, geçmişde hem türkmenleriň iň bir şatlykly baýramçylygy bolupdyr. Bu baýramçylygyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär. Aýratyn tagamlar taýýarlanylýar hem-de adamlar bir-biriniňkä maşgala bolup, myhmançylyga barypdyrlar. Şeýle hem maddy däl medeni mirasyň düzüm bölegi hasaplanýan, şatlyk-şowhuny dabaralandyrýan baýram bolan Nowruz baýramçylygynda uly ýaşdan başlap kiçi ýaşlylara çenli aýdym aýdyp, şatlanypdyrlar. «Her kim Nowruz güni şatlansa, aýdym aýtsa, tans etse, indiki täze ýyla — Nowruza aman barýar» diýen düşünjä ynanyp, ene-mamalarymyz läle kakyp, küşt depipdirler, öleňdir monjugatdy aýdypdyrlar. Halkymyzyň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň sesi, bagşylaryň belent owazy Milli bahar baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Diňleýjiler bagşy-sazandalaryň berekellasyny ýetirip, olara serpaý ýapypdyrlar. Açyk meýdanda aýdym-sazyň owazy çar tarapa ýaýrap, baýramçylyk günleriniň şüweleňini has-da artdyrypdyr. Şeýle hem ýüzük bukdy, keçe-keçe, ýaglyga towusmak, göreş, at çapyşygy, altyn gabak, aşyk oýny, aýterek-günterek ýaly ula-kiçä degişli gyzykly oýunlar täze güne özboluşly öwüşgin çaýypdyr. Otdan bökmek, hiňňildik uçmak ýaly dessurlar, çagalar tarapyndan dürli sanawaçlar hem ýerine ýetirilipdir.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.