Bilimiň hili ýokarlanýar
Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmakda bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda ulgamy halkara ülňülerine laýyk getirmeklige aýratyn üns berýär. Şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, döwrümiziň ýaş nesillerine berilýän bilimiň hil derejesi gowulandyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny sanly serişdeler, ýokary hilli elektron maglumatlar esasynda kämilleşdirmegiň bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrýandygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz sanly bilim ulgamyny ösdürmekligi öňde durýan möhüm wezipe hökmünde kesgitleýär. Şeýle bolansoň, sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterliligini gazanmak ajaýyp zamanamyzda bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär.