Bilimiň hili ýokarlanýar

31 Iýul 2021
1004

Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de, ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak­da bi­lim ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir. Hut şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ul­ga­my hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek­li­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şeý­le giň ge­rim­li ala­da­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­di­lip, döw­rü­mi­ziň ýaş ne­sil­le­ri­ne be­ril­ýän bi­li­miň hil de­re­je­si go­wu­lan­dy­ryl­ýar.

Bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny san­ly se­riş­de­ler, ýo­ka­ry hil­li elekt­ron mag­lu­mat­lar esa­syn­da kä­mil­leş­dir­me­giň bi­lim ber­li­şi­niň hil de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­li­gi öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, san­ly okuw se­riş­de­le­ri­niň we en­jam­la­ry­nyň mu­gal­lym­lar hem-de okuw­çy­lar üçin el­ýe­ter­li­li­gi­ni ga­zan­mak aja­ýyp za­ma­na­myz­da bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­sy­ny düz­ýär.

Mer­jen ÇANNYÝEWA,
Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky 18-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.