Ösen geljegiň berk binýady

27 Iýul 2021
969

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemegiň iň möhüm ugry hökmünde ýokary ösen jemgyýeti kemala getirmäge aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu Maksatnamada halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasiýa tehnologiýalaryna, milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edildi. Bu ugurdaky ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem, milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bellenildi.

Ýurtda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki günde ýaş türkmenistanlylar üçin ýokary derejede bilim almaga, geljekki hünärlerini saýlamaga ähli mümkinçilikler bar. Bilim ojaklarynda multimedia, kompýuter we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda, doly derejeli we netijeli okuw-terbiýeçilik işleri geçirilýär, döwrüň talaplaryna we okatmagyň innowasion usullaryna laýyklykda, bilim we terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge uly üns gönükdirilýär. Bu bolsa giň gözýetimli we döredijilikli, pikirlenmäge ukyply ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri, ýurduň häzirki gazananlaryna buýsanýan hem-de onuň şöhratyny artdyrmagy maksat edinýän, öňdebaryjy dünýägaraýyşly hakyky watançylary kemala getirmäge ýardam edýär.

Ogulşat ÇARYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hasapçysy.