Gi­riş sy­nag­la­ry baş­lan­dy

29 Iýul 2021
901

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry­na Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­lar bi­len gel­nip, düýn bi­lim ul­ga­myn­da­ky bu jo­gap­kär­li çä­rä gu­ra­ma­çy­lyk­ly ba­dal­ga be­ril­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan sy­nag­la­ryň ge­çi­ril­jek ýer­le­ri­niň öňün­den ze­rur se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­me­gi ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça döw­let to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­na mö­hüm çä­rä­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýe­ri ge­len­de, «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýyl­da ta­lyp bol­ma­ga hö­wes ed­ýän ýaş­la­ryň gi­riş sy­nag­la­ry­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 1-nji, 16-njy, ýö­ri­te­leş­di­ri­len 27-nji we 28-nji or­ta mek­dep­ler­de, N.Sa­ry­ýew adyn­da­ky Ça­ga­lar sun­gat mek­de­bin­de, şeý­le-de we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Düýn bol­sa we­la­ýat­da Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­ne, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­ne, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­na, Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­na, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­na, we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­ne gir­mek is­le­ýän ýaş­lar gi­riş sy­nag­la­ry­ny tab­şyr­dy­lar.

Aý­do ŞE­KE­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz). Su­ra­ta dü­şü­ren aw­tor.