Aýdyň netijeler

29 Iýul 2021
1105

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy dowam edýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde işler guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagt hem orta mekdepler, olarda zähmet çekýän mugallymlar we beýleki işgärler üçin jogapkärli möwsümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ojaklaryny täze okuw ýylyna taýýarlamak meselesine ünsi çekmegi bu işiň derwaýyslygyny hem-de täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň guramaçylykly başlanmagy barada tagalla etmegiň zerurlygyny görkezýär.

Ene GULLYKOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.