Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň hal­ka­ra üs­tün­li­gi

29 Iýul 2021
1122

Şu ýylyň iýul aýynyň 14-24-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde onlaýn usulda 62-nji Halkara matematika olimpiadasy (IMO 2021) geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Rumyniýa, Norwegiýa, Peru, Filippinler, Portugaliýa, Senegal, Türkiýe, Gazagystan ýaly dünýäniň jemi 107 döwletinden 619 okuwçy gatnaşdy. Bu abraýly halkara bäsleşigine türkmen ýaşlary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen okuwçylaryna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.

10 gün­läp do­wam eden bi­lim bäs­le­şi­gin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 11-nji synp okuw­çy­sy Mu­ham­met­my­rat Goç­my­ra­dow, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Jen­net Za­ma­no­wa we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 87-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Na­gym Taň­ry­gu­ly­ýew bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 10-njy synp okuw­çy­sy Emir Wel­le­kow bilen Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Di­dar Ga­ýy­pow hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­la­ra my­na­syp bol­du­lar.