"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mukaddes önümiň ojagynda

Welaýatyň ykdysadyýetinde himiýa pudagy häzir düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynda bitirilýän işler aýratyn öwgä mynasypdyr. Tutuş Diýarymyzda öndürilýän duzuň ähli möçberleri bu ýerde taýýarlanýar. Kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi. Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň ymykly ýola goýulmagy milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň misilsiz güwäsidir.

Ýüpek halylar ― dünýäniň guwanjy

Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek halylary dokamak işi indi ençeme ýyldan bäri üstünlikli alnyp barylýar. Şu ýyl bu ýerde sap ýüpekden halylaryň 56 inedördül metri dokalyp, sargytçylara ugradyldy. Ýüpek halylar birleşigiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminde dokalýar. Bölümiň ýolbaşçysy Aýgözel Akyýewanyň gürrüň berşi ýaly, bu işe ezber halyçylaryň 35-si çekilipdir.

Döwrebap desga

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze elektrik stansiýalarynyň işläp başlamagy netijesinde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýene-de birnäçe million kilowatt-sagada golaý artýar. Täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň hatarynda olaryň ýene-de biri peýda bolýar. Ol Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasydyr. Gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň döwrebap ulgamy elektrik energiýasyny öndürmekde we energiýa serişdelerini tygşytlamakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda 2018-nji ýylyň noýabrynda düýbi tutulan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy hem ulanylmaga berler. Şu günlerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Russiýa Federasiýasynyň «Trubnaýa Metallurgiçeskaýa Kompaniýa» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda getirilýän turba we beýleki önümler desganyň gurluşygyny has çaltlandyrdy.

Ykdysady ösüşleriň özgerdiji güýji

Ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlaryna aýratyn orun degişli bolup, ol ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, iň kämil häzirkizaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini ösdürmäge ýardam edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda maýa goýumlarynyň pudaklaýyn düzümi hem ähmiýetli orny eýeleýär. Şu günki maýa goýumlary ertirki günde esasy serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary bolup durýar. Ýurdumyzyň maýa goýumlarynyň uly möçberi innowasiýalaýyn senagatlaşmany üpjün etmek maksady bilen senagat pudagyna gönükdirilýär. Şol bir wagtda hem soňky ýyllarda maýa goýumlarynyň uly möçberi ulag-aragatnaşyk ulgamyna, gurluşyga, durmuş pudaklaryna, hususan-da, ýaşaýyş jaý gurluşygyna we jemagat hojalygyna, bilime, saglygy goraýşa gönükdirildi. Ýurdumyzda maýa goýumlarynyň tehnologik düzümini kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Bu bolsa maýa goýumlarynyň umumy möçberinde gaýry işleriň we harajatlaryň paýynyň düýpli peselmegine getirýär. Häzirki wagtda maýa goýumlarynyň maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Maýa goýumlarynyň esasy maliýeleşdiriş çeşmesi bolup, kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleri çykyş edýär. Şeýle ýagdaýlara seljerme berlende, maýa goýumlarynyň wajyp serişdeleriniň hataryna daşary ýurt maýa goýumlary, bank karzlary, merkezleşdirilen we ýerli býujetiň s

Döwrebap logistika ulgamy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijesinde halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň maglumat, görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi dünýä ösüşiniň çalt özgerýän häzirki şertlerinde gönüden-göni ykdysadyýetiň netijeliligini hem-de döwlet düzümleriniň işiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ykdysady nazaryýetiň nukdaýnazaryndan teswirlenende, ozal zähmet maýa goýum we çig mal önümçilik şertlerine degişli bolan bolsa, mundan beýläk innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Häzirki döwürde sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar we olar täze ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär. Biziň döwletimiz üçin kuwwatly innowasion öňegidişligi gazanmak syýasaty aýratyn özüneçekijidir. Bu ugurda üstünlikler ösüşiň innowasion ýolunyň wajyplygynyň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, hyzmatlaryň we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýar. Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulga

Ýangyç-energetika toplumyna iri maýa goýumlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýän häzirki günlerinde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gurulýan elektrik stansiýasynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan häzirki zaman desgasynyň dabaraly ýagdaýda işe giriziljek güni indi uzakda däl. Ondaky işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar. Mundan birnäçe ýyl ozal, has takygy, 2014-nji ýylyň 6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň işine ak pata beripdi. Onuň kuwwatlylygy 149,2 megawata barabardyr. Şu taryhy wakadan iki ýyldan gowrak wagt soňra — 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Döwletli etrabynda kuwwatlylygy 254 megawat bolan «Watan» döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi.

Kebşirleme işleriniň howpsuzlygyna bildirilýän talaplar

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda uly, tutumly işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaklyga gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisinde hem-de ýokary tehnologiýa daýanyp, gazy, nebiti gaýtadan işläp, ondan taýýar görnüşindäki önümleri almakda alnyp barylýan işler oňa doly şaýatlyk edýär. Bu işleri amala aşyrmakda ulanylýan gurluşlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde we gaz geçiriji ulgamda ulanylýan turbalary seplemekde kebşirleme işlerinden giňden peýdalanylýar. Kebşirleme işlerini takyk derejede ýola goýmakda, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda dürli çäreleriň göz öňünde tutulmagy bilen bir hatarda, kebşirleme işleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanynyň öňüni almakda hem aýdyň çözgütlere esaslanylýar. Kebşirleme işleri amala aşyrylanda kesimde, eretmekde we galaýylamada howa gurşawyna täsirini ýetirýän tozan bölejikleri, zyýanly gaz we bug bölünip çykýar. Meselem, gaz görnüşli ftorly birleşmeler, uglerodyň okisi, marganesiň ikili okisi, azodyň okisleri düzüminde bolan kebşirleme aerozoly we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalanyp bilýär.

Nebitgazhimiýa önümleri — birža söwdalarynyň öňdebaryjylary

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we eksport etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagatynyň kärhanalary şol wezipäniň çözülmegine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna bagyşlanyp guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi aýdyň görkezdi.

Ykdysady taýdan seljeriş işleriniň geçirilişi

Döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ugurlaryň biri ýangyç-energetika pudagy bolup durýar. Kärhanalarda nebitgaz çykarylyşynyň özüne düşýän gymmatyny peseltmegiň önümçiligiň ösüş faktory bolup durýanlygy wajyp bolup, olarda tehniki-ykdysady taýdan seljeriş işlerini geçirmegiň zerurdygyny ýüze çykarýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Ykdysady barlaglar laboratoriýasy tarapyndan «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň işleri boýunça seljeriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösüş ýollary

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde gurnamak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, ýokary ösüşler gazanylýar.

Netijeli hyzmatdaşlyk esasynda

Arkadag Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri uly üstünlikler, taryhy wakalar bilen dabaralanýar. Şeýle guwançly menzilleriň bady Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem artýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz abadan geljegimize ynamly gadam urýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy toýlanyljak şanly ýylymyz halkara ähmiýetli taryhy wakalaryň ýyly bolýar. Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, sebitiň zenanlarynyň dialogy, milli önümleriň halkara sergisi geçirildi. Bu taryhy wakalar sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň aýdym-sazlary bilen bezeldi.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Önümçiligiň durnuklulygy gazanylýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň depginli ösdürilmegine ýardam berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, öňden bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemek bilen utgaşdyrylýar. Şol kärhanalarda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply harytlardyr önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň bady artýar.

Tagamy datly bananlar

Güneşli ýurdumyzda bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, azyk bolçulygyny döretmek boýunça ullakan tagallalar edilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň ösüşli gadamlaryna goşant goşýan telekeçilerimiz hem ýokary hilli azyk önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Oba hojalyk toplumynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda kabul edilen kararlara laýyklykda, ilaty özümizde öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler ýer eýeleriniň we hususyýetçileriň zähmetleriniň miwesidir. Ekerançylygyň girdejili pudaga öwrülmegi üçin işleri täzeçe gurnap, ekinleriň beýleki görnüşlerini hem ýetişdirip, bol hasyl almakda telekeçi hojalyklar we hususy ýer eýeleri nusga alarlyk derejede görelde görkezýärler.

«PERSHING SQUARE» «UNIVERSAL MUSIC» -IŇ 7.1% -INI SATYN ALÝAR

Bil Akmanyň «Pershing Square Holdings» kompaniýasy «Universal Music Group»-dan asyl paýyny onuň eýesi Wiwendiden (VIVHY) satyn aldy. «Pershing Square Foundation» we onuň şahamçalary 7,1 göterim almak bilen her paý üçin 21,78 dollar sarp etdiler. Bu şertnamanyň umumy bahasy 2,8 milliard dollardyr. Bu bolsa «Universal Music Group»-yň umumy bahasy 33 milliard ýewro diýmekdir.

DÜNÝÄNIŇ IŇ GYMMAT ÝERALMA FRISI TAÝÝARLANYLDY

Ýakynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän «Serendepity» restoranlarynyň birinde dünýädäki iň gymmat ýeralma frisi taýýarlanyldy. Has dogrusy, bir adamlyk ýeralma frisiniň bahasy ABŞ-nyň 200 dollary möçberinde bahalanypdyr. Şeýlelikde, bu iýmit dünýäniň iň gymmat frisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Iýmiti taýýarlamak üçin ussat aşpezler ýörite sirke, şeýle-de trýufel ýagyny ulanypdyrlar. Ýeri gelende bellesek, «Serendepity» restoranlary mundan öň hem iň gymmat buzgaýmak (ABŞ-nyň 1000 dollary) hem-de gamburger (ABŞ-nyň 295 dollary) taýýarlap, rekord goýmagy başarypdy.

Bazar ykdysadyýetinde paýdarlar jemgyýetiniň orny

Dünýä ykdysadyýetinde bäsleşigiň ýitileşýän, häli şindi çökgünlik hadysalaryň ýüze çykýan döwründe milli ykdysadyýetimiz halkara bazarlarynda mynasyp ornuny eýelemek ugrunda bazar hojalygyna öwrülýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerine geçmekde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysadyýetinde berjaý edilýän özgertmeleriň arasynda eýeçilik gatnaşyklaryň kämil görnüşe getirilmegi wajyp orun tutýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde beýleki emläk eýeçilikdäki görnüşler bilen bilelikde paýdarlar jemgyýetleriň döremegi döwletimiziň durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetinde hususyýetçiligiň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Birža täzelikleri

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den, Russiýa Federasiýasyndan we Özbegistandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli matalar we nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 360 müň 900 dollaryndan gowrak boldy.

«Galam» kanselýariýa harytlary dükanynda mekdep bazarlary dowam edýär

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sanlyja günlerden badalga aljak täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar işjeň guramaçylyga beslenýär. Ýaş nesilleri we raýatlary kanselýariýa harytlary bilen üpjün etmek maksady bilen, döredilen mekdep bazarlary bilen bir hatarda ýerli işewürlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ildeşlerimiziň okuw esbaplaryna, hojalyk harytlaryna bolan ösen isleglerini doly kanagatlandyrýan «Galam» mekdep we ofis harytlary dükanlar toplumy muňa aýdyň mysaldyr. Paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde ýerleşýän dükanlar toplumynda täze okuw ýyly mynasybetli sanly usulyýetiň söwdasy ýola goýuldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.