Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

16 Awgust 2021
952

Önümçiligiň durnuklulygy gazanylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň depginli ösdürilmegine ýardam berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, öňden bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemek bilen utgaşdyrylýar. Şol kärhanalarda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply harytlardyr önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň bady artýar.