«Galam» kanselýariýa harytlary dükanynda mekdep bazarlary dowam edýär

16 Awgust 2021
992

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sanlyja günlerden badalga aljak täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar işjeň guramaçylyga beslenýär. Ýaş nesilleri we raýatlary kanselýariýa harytlary bilen üpjün etmek maksady bilen, döredilen mekdep bazarlary bilen bir hatarda ýerli işewürlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ildeşlerimiziň okuw esbaplaryna, hojalyk harytlaryna bolan ösen isleglerini doly kanagatlandyrýan «Galam» mekdep we ofis harytlary dükanlar toplumy muňa aýdyň mysaldyr.

Paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde ýerleşýän dükanlar toplumynda täze okuw ýyly mynasybetli sanly usulyýetiň söwdasy ýola goýuldy.