Ykdysady ösüşleriň özgerdiji güýji

16 Awgust 2021
903

Ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlaryna aýratyn orun degişli bolup, ol ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, iň kämil häzirkizaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini ösdürmäge ýardam edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda maýa goýumlarynyň pudaklaýyn düzümi hem ähmiýetli orny eýeleýär. Şu günki maýa goýumlary ertirki günde esasy serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary bolup durýar. Ýurdumyzyň maýa goýumlarynyň uly möçberi innowasiýalaýyn senagatlaşmany üpjün etmek maksady bilen senagat pudagyna gönükdirilýär. Şol bir wagtda hem soňky ýyllarda maýa goýumlarynyň uly möçberi ulag-aragatnaşyk ulgamyna, gurluşyga, durmuş pudaklaryna, hususan-da, ýaşaýyş jaý gurluşygyna we jemagat hojalygyna, bilime, saglygy goraýşa gönükdirildi.

Ýurdumyzda maýa goýumlarynyň tehnologik düzümini kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Bu bolsa maýa goýumlarynyň umumy möçberinde gaýry işleriň we harajatlaryň paýynyň düýpli peselmegine getirýär. Häzirki wagtda maýa goýumlarynyň maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Maýa goýumlarynyň esasy maliýeleşdiriş çeşmesi bolup, kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleri çykyş edýär. Şeýle ýagdaýlara seljerme berlende, maýa goýumlarynyň wajyp serişdeleriniň hataryna daşary ýurt maýa goýumlary, bank karzlary, merkezleşdirilen we ýerli býujetiň serişdeleri hem goşulýar.

Nigara AMANOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.