«PERSHING SQUARE» «UNIVERSAL MUSIC» -IŇ 7.1% -INI SATYN ALÝAR

16 Awgust 2021
939

Bil Akmanyň «Pershing Square Holdings» kompaniýasy «Universal Music Group»-dan asyl paýyny onuň eýesi Wiwendiden (VIVHY) satyn aldy.

«Pershing Square Foundation» we onuň şahamçalary 7,1 göterim almak bilen her paý üçin 21,78 dollar sarp etdiler. Bu şertnamanyň umumy bahasy 2,8 milliard dollardyr. Bu bolsa «Universal Music Group»-yň umumy bahasy 33 milliard ýewro diýmekdir.